Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryş


«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli ugurlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne  gol çeken 1616 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi durmuşa geçirilýän tagallalaryň täze depgine eýe bolmagyna uly goşant goşdy. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hasaplanýan Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alnyp döredilen Merkeziň işiniň esasy maksady, bilim bermegiň ähli ulgamlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan  hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi köpsanly hyzmatlary hödürlemek bilen, bilim bermegiň soňky gazananlary esasynda işlerini ýokary depginde alyp barýar. Merkez Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak; Hünär kämilleşdirmek okuwlary; Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak; Serwis işlerini alyp barmak; Elektron hyzmatlary döretmek; Swiç, serwer enjamlaryny gurnamak; Edaralaryň içki torunda programma goldawyny bermek; SSL sertifikaty goýup bermek; Gözegçilik merkezine programma (Syslog-log)-(Zabbix)-(Wazuh) üpjünçiligini gurnamak we sazlamak; Web bilim portalyny gurnamak; Bilim portalyna tehniki goldaw bermek; Firewall gorag enjamyny we onuň ygtyýarnamasyny gurnamak we sazlamak; Serwer otagyna bildirilýän talaplary berjaý etmek; Optika we ethernet kabelleri gurnamak; VPS-den VDS-e tehniki goldawyny ornaşdyrmak; ODF 8-lik kebşirleme ýerleşdirip goýmak we gurnamak; "Proxmox Virtual Environment" açyk çeşme wirtuallaşdyryş ulgamyny gurnap sazlamak; Elektron resminama dolanşygy ulgamyny ornaşdyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bular bolsa sanly bilim ulgamynyň ösmegi, nesilleriň bilim derejesiniň kämilleşmegi üçin möhüm mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Innowasiýa maglumat merkezinde okuwçylaryň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin döredilen dürli okuw kurslary hereket edýär. Bilim bermegiň dürli usullary boýunça okatmagyň täze gazananlaryny hödürleýän ýurdumyzda Sanlylaşdyrmak boýunça degişli okuw kurslary diňleýjileriň öz islegine laýyklykda, irdenki, öýlänki ýa-da agşamky okadylýan sapaklary saýlap bilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim müdirliklerinde we ähli umumybilim edaralarynda, bilim işgärleriniň işini awtomatlaşdyrmak arkaly sanly bilim ulgamyna geçmek we onuň üsti bilen ene-atalara, mugallymlara hem okuwçylara goşmaça sanly hyzmatlary hödürlemek üçin döredilen “Sanly bilim” sanly ulgamy ýokary derejeli hyzmatlary bilen öz işini dowam etdirýär. Innowasiýa maglumat merkezine degişli bolan “E-mekdep” dolandyryş ulgamy häzirki wagtda sanly hyzmatlaryň köpsanly görnüşini özünde jemleýär. “E-Mekdep” dolandyryş ulgamynyň mümkinçilikleriniň we amatlyklarynyň birnäçesi şulardan ybarat:

• Okuwçylara we mugallymlara wirtual synp otagynda habarlaşmaga, öwrenmäge we onlaýn hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

• Okuwçylara mugallymlardan seslenme almaga, ösüşlerini we gazananlaryny yzarlamaga we şahsylaşdyrylan okuw tekliplerini almaga mümkinçilik berýär.

• Sanly mekdep ulgamy bilimiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrýar, has gyzykly, täsirli we ykjam bilim almaga şert döredýär.

• Sanly mekdep platformasy, tankydy pikirlenmek, aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk, döredijilik we ş.m. ýaly okuwçylarda we mugallymlarda sanly ulgam başarnyklarynyň ösmegine kömek edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň birnäçe bölümleri bolup, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Merkeziň bölümleri hereket edýär. Merkeziň täze bölümini ýakyn wagtda Balkan welaýatynda açmak göz öňünde tutulýar.

Ýokarda bellenilip geçilenlerden başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi mugt we tölegli esasda, ýöne bir maşgala agzalary üçin giňden arzanladyş ulgamy bilen dürli hyzmatlary hem hödürleýär. Maýyp çagalar we pensionerler hepdede iki gezek kompýuter sowatlylygy okuwlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde hepdede bir gezek dürli ýaşdaky raýatlar üçin 1 sagat dowam edýän sanly tehnologiýalar barada giriş sapaklary geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25