Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy


Türkmen topragy ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiziň mekany hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň netijesinde döredilen bedew atlarymyz türkmen topragynda kemal tapyp, müňýyllyklaryň dowamynda sungat derejesine ýetirildi. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň ykbaly has-da belende göterildi. Ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň wekilleri ykbaly arşa göterilen bedewlerimiziň  gazanan beýik üstünliklerini döredijilik eserleri bilen wasp edýärler. 
Türkmen halkynda toý-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Şeýle ajaýyplyklar bolsa her bir döredijilik adamsyny ruhlandyryp, täze eserleriň döremegine getirýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan toýlanýar. Bu baýram mynasybetli sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. Her ýylda geçirilýän mugallym we talyplarymyzyň döredijilik sergisi öz aýratynlylygy we täze öwüşginligi bilen ýakymly pursatlary ýatda galdyrýar. 
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi. Sergi zalynyň diwarlaryny bezeýän sungat gözellikleri behişdi bewlerimiziň taryhyna, dünýäde gazanan beýik üstünliklerine syýahat etmäge gönükdirýär. 
Zehin hem yhlas siňdirilip döredilen şeýle eserleriň hatarynda Yhlas Allanazarowyň “Behişdi bedewler”, Ahat Mälikowyň “Ahalteke”, Nurmyrat Gurdowyň “Parahatlyk buýsanjy”, Kakageldi Patdykowyň “Dostluk”, Rustam Gurbanowyň “Parahatçylygyň aýdymy”, Toýlymyrat Jumamyradowyň “Parahatçylygyň nyşany”, Wepa Ýazmyradowyň “Parahat Watan”, Rahmetjan Nurmedowyň “Galkynyş topary”, Ogulşirin Öwezberdiýewanyň “Taryhyň ýaňy” ýaly sungat eserlerini görkezmek bolar.
Ýaş zehinlerimiz uly ruhubelentlik we hyjuw bilen bedewlerimiziň şeýle ajaýyp keşplerini, gözelligini, at çapyşyklaryny, türkmeniň at üstündäki milli oýunlaryny, gözel tebigat bilen sazlaşygyny sungatyň çeper dilinde wasp etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25