Kiberhowpsuzlyk tejribeleri artdyrylýar


Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň maglumat howpsuzlygy boýunça hünär endiklerini ösdürmek, maglumat tehnologiýalary boýunça ukyplaryny ýokarlandyrmaga we kämilleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na “Sanly Çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň edara binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi.  
Kibertürgenleşikde mugallymlar we talyplar dünýäde giňden ýaýran kiberhowpsuzlyk bäsleşikleriniň CTF (Capture the Flag) görnüşinde ýumuşlary çözmek we belli bir netijeleri gazanmak usulda geçirildi.
Kibertürgenleşikde tapawutlanan talyplar ýurdumyzda geçirilýän “Kiberbäsleşigiň” birinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.   

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25