Elektron mekdepler


eMekdep – onlaýn ulgam bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň ulanylşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim berijiligiň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr:
  • Okuwy we dolandyryş prosessleri (yzygiderligi) ýeňilleşdirmek, şeýle hem bilim beriji edaralaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • Mugallymlaryň we ene-atalaryň okuw-terbiýeçilik işlerini gowulandyrmak; we bilim almak elýeterliligini ýokarlandyrmak. Okuw mekdepleriň dolandyrylşynyň we okuw işleriniň sanlylaşdyrylmagy üçin bu ulgam aşakdaky ýaly işleriň geçirilmegine ýardam edýär:
  • Okuwçylaryň elektron gündeliklerini ýöretmäge;
  • Mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge;
  • Okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge;
  • Habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge; 
  • Mugallymlara we dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge;
  • Sapaklaryň meýilnamasyny görmek üçin mümkinçilik;
  • Mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga we onuň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmäge;
  • Bilim berilşiniň hilini ýokarlandyrmak üçin ýetişigiň we gatnaşygyň görkezijilerini gowulandyrmagyň usullaryny kesgitlemek
Aşgabat şäheri boýunça ulgamyň salgysy -  mekdep.edu.tm
Ahal welaýat boýunça ulgamyň salgysy -  ah.mekdep.edu.tm
Mary welaýat boýunça ulgamyň salgysy -  www.mekdep.edu.tm
Lebap welaýat boýunça ulgamyň salgysy -  www.mekdep.edu.tm
Daşoguz welaýat boýunça ulgamyň salgysy -  www.mekdep.edu.tm
Balkan welaýat boýunça ulgamyň salgysy -  www.mekdep.edu.tm

Paýlaş

Elektron mekdepler

eMekdep – onlaýn ulgam bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň [...]

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25