Nisa — Parfiýanyň gadymy şäheri
Aşgabatdan 18 kilometr daş aralykda, Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynyň gözel jülgesinde gadymyýetiň meşhur şäherleri diýlip hasaplanýan Köne we Täze Nisanyň gadymy galyndylary ýerleşýär. Köne Nisanyň galyndylary antik dünýäde harby we ykdysady kuwwaty boýunça Beýik Rim bilen bäsleşen hem-de bir wagtlar güýçli we kuwwatly döwlet diýlip hasaplanan beýik Parfiýa döwletiniň merkeziniň galyndylary bolup durýar. Parfiýanyň ençeme şäherleri we obalary Beýik Ýüpek ýolunyň amatly söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşipdir, şolaryň arasynda Nisa esasy şäher bolupdyr.
Ep-esli wagtyň dowamynda Nisa Gündogaryň baý we gurply şäherleriniň biri diýlip hasaplanypdyr. Muňa syýahatçylaryň ýol ýazgylary-da şaýatlyk edýär. Syýahatçylaryň häzirki nesilleri ýaly, orta asyrlardaky zyýaratcylar hem özleriniň daş-töweregindäki dünýä baradaky bilimleri edinmek isläpdirler. Gaýduwsyz we ruhubelent syýahatçylar näbelli ýagdaýlardan howatyrlanman, nätanyş ýerleri görmek, şol ýerleriň howasyndan dem alyp görmek, bu ýerlerde ýaşaýan halklar hem-de olaryň özboluşly medeniýeti we durmuşy bilen tanyşmak üçin, uzakdaky ýerlere tarap ýola düşüpdirler.
Arap syýahatçysy we geograf al Istahri (850 - 934) Nisa barada gürrüň beren mahalynda, X asyrda bu şäheriň şol wagtky Merwiň ýarsyna barabar bolandygyny belleýär. Başga bir arap syýahatçysy we taryhçy al Makdisi (945 - 1000) Gündogaryň musulman şäherleriniň aglabasyna baryp görüpdir we şol ýerde bolan mahalyndaky ýagdaýlar barada jikme-jik hasabatlary düzüpdir. Ol şeýle belleýär: “Nisada gür baglar bilen gurşalan köçeleriň 70-si bar”. Onuň sözlerine görä, “Nisa – giň, sagdyn, bol suwly we ýaýaşyş üçin amatly şäher, bu ýerde baglar biri-birine ýanaşyk ösýär we datly miweleri berýär, esasy metjit owadan bezelipdir, çörek örän ýakymly tagamly, bazar hatar-hatar görnüşinde ýerleşýär we bu ýerde gymmatly we seýrek duşýan zatlara gabat gelmek bolýar”. Bulardan başga-da, arap çeşmelerinde Nisada köp sanly hammamlaryň bardygy we bularyň diwarlaryna nagyşlar şekillendirilendigi barada ýakymly sözler aýdylýar. Arap syýahatçylarynyň ýene-de bir topary Nisany “Horasanyň galla mekany” diýip atlandyrypdyr. XI-XII asyrlarda Nisa has ýokary derejede ösüş gazanypdyr, şonda bu şäher Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine goşulypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ilkinji gezek Nisa gelen daşary ýurtlysöwdagärler we syýahatçylar, ilçileriň wekiliýetleri (delegasiýalary) ozal görülmedik, belent, birgeňsi we öz mertebesini saklaýan hem-de tutuş gadymy dünýäni bendi eden täsin bedewleriň gözelligine haýran galypdyrlar. Bu daýaw we ajaýyp liniýaly bedewler Gadymy Rimde “parfiýa atlary”, Hytaýda “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylypdyr. Tanymal rus taryhçysy A. Petrow şeýle belleýär: “Saklanyp galan ýazuw görnüşindäki subutnamalar we gaýalaryň ýüzündäki gadymy şekiller atlaryň bu tohumyny häzirki döwürde hakykatdan-da, ajaýyp ahalteke bedewlerine deňemegiň zerurdygyny şek-şübhesiz äşgär edýär”.
Nisanyň dürli görnüşdäki ýerli we başga ýerlerden getirilen harytlardan doldurylan bazarlary dürli hyzmatlaryň berjaý edilýändigi üçin töleg we paçlar görnüşinde şaheriň gaznasyna uly möçberde girdeji getiripdir. Bu ýerde dürli reňkdäki zatlarda gözüň eglenýärdi: reňkli çadyrlarda täzelikde soýlan mallaryň eti, tüwi, dürli görnüşdäki miweler, gawun-garpyzlar we başga ýurtlardan getirilen del zatlar satylypdyr. Söwda edilýän hatarlar aýnadan we gönden ýasalan zatlardan, küýzelerden doldurylypdyr. Zergärçilik we şekillendiriş sungatyna degişli zatlar hödürlenipdir. Ýerli ussalar tarapyndan döredilen ajaýyp önümler Aziýanyň we Ýewropanyň birgiden şäherlerinden gelen söwdagärlerde içgin gyzyklanma döredipdir. Nisanyň bazarlary şäherdäki esasy ýerler bolupdyr, bu ýerlerde dürli ýurtlardan gelen adamlar şäherliler, olaryň medeniýeti, gözel künjekler, däp-dessurlar we adatlar barada täze we gyzykly maglumatlar bilen tanşypdyrlar. Bu ýerlerde adamlar küşt oýnapdyr, aýdym-sazlar we şahyrlaryň düzen goşgulary diňlenipdir, başga ýurtlardan gelen täjirler bolsa, täsin galdyrýan ýagdaýlar we uzakdaky ýerlere täsirli syýahatlar barada gürrüň beripdirler. Nisanyň bazarlarynda meşhur pafiýa halylaryna uly isleg bildirilipdir, bular Gündogar we Ýewropa ýurtlaryndan gelen söwdagärler höwes bilen, satyn alypdyr. Söwda-pul gatnaşyklarynyň ösüşi Nisanyň Gündogaryň ykrar edilen ykdysady merkezleriniň birine öwrülmegine degerli ýardam beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ähli ugurlarynda bu meşhur şäher baradaky gürrüňler ýaýrapdyr.
Orta asyrlarda Nisanyň senetçileri tarapyndan ýüpekden, ýüňden, zygyrdan taýýarlan ajaýyp matalaryna Beýik Ýüpek ýolunyň dürli ugurlarynda uly isleg bildirilipdir, şeýle hem bu matalar Kiçi Aziýa, Eýrana, Müsüre, Ýewropadaky ýurtlara eksport edilipdir. VIII - IX asyrlarda Nisada keramika sungaty ösüşiň iň ýokary derejesine ýetipdir. Bu ýerde köp litlrik owadan amforalar (küýze görnüşli gaplar), däne saklamak üçin syrçaly küýzeler, azyk önümleri, şerap we suw saklamak üçin syrça bilen örtülen küýzeler öndürilipdir, iýmit üçin niýetlenen gaplara reňkli syrça çalnyp, “Şu gabyň eýesine uzak ömür dileg edýäris” diýen ýaly sözler ýazylypdyr. Diýmek, gadymy döwürde-de mahabat we harydy satmak boýunça marketologlar bolupdyr.
Nisa Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda esasy ýerleriň birine öwrülipdir, hut Nisa arkaly, köp sanly şäherler özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Kontinentleri baglanyşdyrýan uly ýol Nisa arkaly we şondan aňryk geçmek bilen birlikde, Ortaýer deňzindäki portlara eltipdir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň edebi işinde Nisanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşiniň taryhyndaky orny we ähmiýeti barada aýratyn bölümde beýan edilmegi ýöne ýerden däldir.
Ençeme asyr geçip, birgiden zatlar geçmişde galdy, bu meşhur şäher öňden bäri ýok, ýöne onuň ýerleşen ýerinde arheologlar tarapyndan ellin medeniýetine degişli täsin galdyrýan sungat we arhitektura eserleri tapyldy, bular Nisanyň belentlige we şan-şöhrata eýe bolandygyny äşgär edýän subutnamalar bolup durýar. Nisanyň ýadygärlikleriniň medeni we taryhy gymmatlygy 2007-nji ýylda bu gadymy şäheriň galyndylarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy arkaly tassyklandy.