AR, VR tehnologiýalar



Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real dünýäniň interaktiw (özara täsir ediji) tejribesi bolup, onda real dünýädäki obýektlara duýujylyk maglumatlary güýçlendirilendir. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Goşulan reallyk – bu ulanyjynyň daşky real-dünýasi bilen real-wagt giňişlik maglumatlary goşup bitewleşdirmek mümkinçilige aýdylýar.
Mysal üçin:  görmek, eşitmek, ellemek, somatosensor, ysalmak ýaly  duýgurlyk modallyklary. AR üç sany esasy häsiýeti özünde jemleýär: real we hyýaly dünýäleriň bileleşmesi, real-wagtdaky özara täsirleşmesi, şeýle hem, hyýaly we real obýektleriň dogry göçürilmesi.
AR tehnologiýalary dürli göwrümlerde ulanylyp bolar: öý, edara, zawod şertleri üçin, şähere ýa-da tutuş dünýä üçin niýetlenen göwrümlerde.  Olar jaýyň içinde, daşynda, dürli yşyklandyryş şertlerinde hem ulanylyp bilner. Uly masştablarda ulanylýandygyny göz öňünde tutup, AR tehnologiýalar üçin maglumatlary internet toruň içinde ýaratmak zerurlygy ýüze çykar, şol ýagdaýda pes garşylykly, ýokary geçirijilikli 5G torlaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolarlar. AR tehnologiýalaryň ulanylyşyna mysal edip, häzirki wagtda giňden meşhur bolan “Pokemon GO” oýny getirip bolar:
Virtual reality (VR) (Виртуальная реальность) Wirtual reallyk – doly hemmetaraplaýyn duýujylyk tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Munda ulanyjy “Oculus Rift” ýa-da “Google Cardboard” ýaly ýörite äýnekleri ýa-da kellä geýilýan toplumy ulanyp, kompýuteryň döreden giňişligine geçip gidýär. 
Mixed reality (MR) (Смешанная реальность), Garylan reallyk – bu reallyk sanly dünýä we hakyky reallyk özara täsirleşip bilýän aralykda ýerleşýär. Mysal üçin ulanyjy wirtual elementleri edil öz öňünde duran ýaly, süýşürip, hereketlendirip bilýär. 
Olaryň hemmesini bilelikde göz öňüne tutup, XR (extended reality) (ulaldylan reallyk) hem diýilýär.
AR we VR tehnologiýalary häzirki wagta dünýäniň ösen ýurtlarynda dürli pudaklarda giňden ulanylmagy ösüp barýan derejededir. Ykdysadyýetde, senagatda esasan hem telewideniýe, film döredijiliginde uly gyzyklanma döredip, AR we VR tehnologiýalaryň bu ugurlardan geljegi uly hasaplanýar.
AR we VR tehnologiýalary bilim pudagynda hem giňden ulanylyp, olaryň esasy ulanylyş usullary aşakdaky ýalydyr:

  1. Skyview – astrologiýa dersi üçin;
  2. Froggipedia – anatomiýa dersi;
  3. The Body VR: Journey Inside a Cell – Beden wirtual reallygy: beden öýjüklerine syýahat;
  4. Immersive history – taryh dersi üçin;
  5. Google expedition – öýden çykman daşary ýurtlara syýahat etmek üçin;
  6. Virtual speech – Köpçülikde çykyş etmegi gorkýan, çekinýän adamlar üçin niýetlenen;
  7. Police training – polisiýa gullukçylary üçin;
  8. Firefighters training – ýangyn söndürijiler üçin;
  9. Language learning – daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin;
  10. Chemistry virtual lab – himiýa sapagynda tejribe işleri geçirmek üçin;
  11. The VR Museum of Fine Arts – şekillendiriş sungaty muzeýine syýahat;
  12. XR and Yoga – ýoga kursalarynda meditasiýa geçirmegi aňsatlaşdyrýar;
  13. Diagnosing visual impairments – medisinada göz kesellerini anyklamakda ulanylýar;
  14. Eye-sync tool – adamyň gözüniň görejini yzarlaýar;
  15. VR – vaccine for children – kiçi ýaşly çagalar sanjymlardan gorkmaz ýaly ulanylýar;
  16. To treat Dementia – dimensiýa keselini bejermekde ulanylýar;
  17. Rendering patient’s stress during surgery – hirurgiki operasiýalarda näsaglaryň gorkysyny peseltmek üçin;
  18. Videogames – wideo oýunlarda duýujylygy has-da artdyrýar;
  19. Virtual zoos – wirtual haýwanat bagy;
  20. Honeywell training – edara-kärhanalarda uzak wagtdan işläp ýören işgärleriň tejribelerini täze gelen işgärlere öwretmek üçin ulanylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25