Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Türkiýeli kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar


2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Taraplar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň» hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň» taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda Ylalaşygyň maksady Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar barada iki döwletiň gümrük edaralarynyň deslapdan maglumat alyşmagyndan ybarat. Bu maglumat gümrük gözegçiliginiň maksady üçin ulanylyp, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegiň maksady, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gümrük işi babatynda baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bolup durýar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary oňyn ösüşe eýe bolup, ikitaraplaýyn haryt dolanşygy ýyl-ýyldan ýokarlanýar hem-de Türkiýe Türkmenistanyň esasy import ediji döwletleriň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam edip biljek Bilelikdäki gümrük komitetini we Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25