Innowasion täzelikler



Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak taýdan, we tehnologiýalar taýdan ösüşiniň dowamynda ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ýokary üstünliklere eýe bolmak bilen bir hatarda, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary hem öz ýurdumyzyň ähli pudaklarynda diýen ýaly giňden ornaşdyrylýar. Ilatymyz esasan hem uly ýaşly raýatlarymyz, ýurdumyzda ornaşdyryýan innowasion tehnologiýalar barada habarly bolmaklary üçin we olary ulanyp bilmekleri üçin ýurdumyzda köp sanly okuw merkezleri (gysga we uzak wagtlaýyn) degişli okuwlary geçirýärler. Mundan daşary hem raýatlarymyz innowasion täzeliklerden habarly bolmaklary üçin innowasiýa täzeliklere degişli bolan gysgaça gözden geçirmäni size hödürlmäge makul bildik.

1. Bulut (Cloud) sanly esasdyr
2010-njy ýyllary ýadymyza salsak Bulut atly tehnologiýa kompaniýalar üçin uly aýratyn üýtgeşik tejribe boldy. IT dünýäsi eýýäm şonda merkezleşdirilen esasy kompýuterlerden paýlanylan kompýuter modeline geçipdi, we indi täzeden gyssagly ýagdaýda merkezleşdirilen Bulut modele geçildi. Bu biziň işimize dogry bolarmyka? Bu model howpsuzmyka? Onda nähili işlemelikä? Şol günlerde bu esasy soraglardy, kompaniýalar bolsa wirtual reallyk, serwera geçmek, pudaklary hyzmatlaşdyrmak, howpsuzlyk we şahsy meseleler ýaly işlere uly üns berip, ýerli kompýuterleşdirilmeden çykyp başladylar. Bu gün bolsa Bulut adaty bir zada öwrüldi we kompaniýalaryň ony ulanyşlary tizleşýär.
Günbatar ýurtlarda geçirilen käbir barlaglara salgylansak, korporasiýalaryň 60%-i Bulut tehnologiýasyna soňky iki ýylyň içinde, iň köp goýum goýandyklaryny bellediler we 53%-i bolsa Bulut tehnologiýasyna geljekki iki ýylda iň uly paýyň düşjekdigini nygtadylar. Bulut indi täze üýtgeşik tejribe däl-de, biznessiň esasy bolup, ykdysadyýete has köp innowasiýalary goşýar we ýokary tizlik berýär.
Geljekki 10 ýyllygy göz öňüne tutup aýdanymyzda, ähli tehnologiki innowasiýalar Buluda ol ýa-da beýleki usulda bagly bolup, taryhda sanly dünýäniň esasy hökmünde öz ýerini tutar.

2. Biznessler maglumatlara esaslanýarlar
Egerede Bulut (Cloud) sanly gurşawyň esasy bolsa, maglumatlar täze tehnologiýalar dünýäsiniň gurluşuk bloklarydyr. Bulut (Cloud) tehnologiýalary soňky 10 ýyllygyň içinde, esasy innowasiýalaryň üsti bilen hümmeti artdyrdy, bu aýratyn hem zatlaryň interneti (internet of things — IoT) arkaly göründi. Onda kompaniýalar sensorlar bilen Bulut tehnologiýalary bilelikde ulanyp, akyla geljek zatlaryň ählisinden, nebit burawlaýjylardan tä öýlerdäki sowadyjylardan, analizirlenen bahalary ýygnaýarlar. 
Bu maglumatlaryň aşa üýşmegini döretdi, şeýlelikde şugünki we geljekki 10 ýyllyklar üçin esasy mesele, onuň ählisini nädip tertibe salmaly we nädip gereklisini ulanmaly diýen sorag bolup durýar. Ylmy barlaglara salgylansak korporasiýalaryň diňe 4%-i “ýokary derejede talaba laýyk” bolan usulda maglumatlary işleýärler.
Geljegi bilen aýdanymyzda, bu statistika indiki 10 ýylda has hem öser, sebäbi maglumatlardan alynýan analizirlenen bahalary (pikirleri) ýygnamak we pula öwürmek häzirki zaman biznesiň şowly ösüşi üçin esasy açary bolup durýar. Kompaniýalar häzirki wagtda simulýasiýa (gaýtalama) modelleri ulanyp, adamlary we maşynlaryň geçmişdäki häsiýetlerini analizirleýärler we onuň netijesinde geljekki endikleri kesgitleýärler.
Mysal üçin, 2017-nji ýylda Coca-Cola suwy öndüriji maglumatlardan alnan çuňňur analizirlenen bahalry (pikirleri) öwrenip, özüniň täze “Sprite Cherry” (Sprite ülje) önümini hödürledi. 2009-njy ýyldan başlap Coca-Cola erkin stilde, ýörite maşynlaryň üsti bilen, restoranlarda müşderilere özleriniň halaýan içgilerini garmaga we sazlamaga rugsat berdi.  Olardan ýygnalan maglumatlar ülje tagamly Sprityň has ýörgünlidigini görkezdi we kärhana ülje tagamly Sprity aýratyn önüm hökmünde öndürdi. Bu önüm ulanylşa göýberilende Coca-Cola öz öndürýän “Sprite”-y Birleşen Ştatlarda iň bir ýörgünli içgi hökmünde tanalandygyny we “Sprite Cherry” ýaly innowasiýalaryň kömegi bilen onuň bu ýoldan dowam etmegini gazanandyklaryny nygtadylar. Bu maglumatlaryň analizi kompaniýalaryň bähbidini nähili derejede artydýandygynyň gysagaça häsiýetnamasydyr.
Geljekki 10 ýyllyklarda, maglumatlardaky gymmady açmak bizness ýöretmekde iň wajyp taraplaryň biri bolar diýip garaşylýar.

3. Tejribe – bu hemme zat
Ulanyjylar köp möçberde maglumatlary paýlaşýandyklary sebäpli, indi kompaniýalar özleriniň müşderileri barada örän çuňňur we ýiti düşünjeleri bar. Düşünjeli kompaniýalar bu maglumatlary ulanyp, müşderiler üçin has gowy hyzmatlary, tejribeleri döredýärler. Statistika esaslansak, IT funksiýalary kämilleşdirmegi 1-nji orna goýýan korporasiýalar, esasy ünsi (40%) müşderileriň tejribelerine hyzmatlaryna berýärler.
Bu “tejribä esaslanan düşünje” esasy täzelik bolup, onuň geljekki ýyllarda hem tizleşmegine garaşylýar. Elbetde, maglumatlaryň köpelmegi bilen jogapkärçilik hem köpelýär, we kompaniýalar onuň bilen bagly bolan etika we doladyrma barada ünsli pikirlenmeli bolarlar. 
“Tejribä esaslanan düşünje” esasan iki görnüşde bolup biler – müşderiler hyzmaty ýa-da işgärler hyzmaty. Onuň ikisinde hem möhüm element bu adamy merkezi ünsde saklaýan gurluş shemasydyr – maglumatlary her şahsyýet üçin hususylaşdyrmak we ol hyzmaty nähili görnüşde kabul etmegi isleýändigini kesgitläp, oňa baglylykda işlemek.
Geçmişde müşderiler ýa-da işgärler özlerine elýeter bolan tehnologiýalary ulanmakdan başga mümkinçilik ýokdy, gowy bolsa-da, erbet bolsa-da. Emma häzirki günde – we geljekde – kompaniýalar tehnologiýalary ulanyp, şahsylaşdyryp bilerler, ýagny, aýratyn hyzmatlary ýetirip, özlerine gowy abraý gazanyp bilerler we bazarda aýratyn tapawutlanyp bilerler.
Mysal üçin,  McDonald kompaniýasy “Dynamic Yield (aktiw girdeji)”  atly şahsyýetleşdirýän we logiki netijeler tehnologiýa programmasyny satyn aldylar. Onuň kömegi bilen müşderilere has hem hususylaşdyrylan hyzmatlary ýetirip bilerler. Ýoluň ugrunda ýerleşen naharhanalarda ýerleşen interaktiw menýu ekranlardan günüň wagtyna, howanyň ýagdaýyna, naharhananyň dolylygyna we ýörgünli bolan iýmitlere baglylykda naharlary saýlamak mümkin bolar. Mundan başga-da müşderiniň saýlaýan naharlaryna baglylykda goşmaça zatlar hem hödürleniler, bu müşderi üçin has köp amatly şertleri döreder.
“Tejribä esaslanan düşünjeleri” ýitileşdirmek kompaniýalar üçin geljekki 10 ýyllyklarda esasy strategiýa bolar.
Umuman aýdylanda bu ýerde esasy üns müşderilere we olara sanly tehnologiýalaryň üsti bilen döredilýän hyzmatlara berilýär. Iň bir möhüm element hem “adamy merkezde saklaýan gurluş modeli”. Öňki döwürlerde önümler ýönekeýje öndürilýärdi we ulanyjylar olary başardygyna görä ulanýardylar... indi bolsa hyzmatyň ýerine ýetirilşine we kompaniýanyň at-abraýyna uly üns berilýär.

4. Ekosistemalar we Hyzmatdaşlar hünärmenleriň ukyp-başarnyklarynyň kemçiliklerini ýapýarlar
Sorag geçirilen korporasiýalaryň 59%-i pudaklarda olaryň işlerini tizleşdirjek zähmet ukyp-başarnyklarynyň ýetmeýändigini bellediler.
Bu kompaniýalar üçin esasy aladalaryň biridir, sebäbi işgärleriň ilki özleri sanly tehnologiýalardan nähili bähbit almalydygyny bilmeli, diňe şonda olar müşderilere kömek edip bilerler. Biznesler bu meseläni çözmek üçin dürli usullary ulanýarlar, kompaniýalary satyn alýarlar, goşmaça pullary belleýärler we resmileşdirilen täze okuw programmalary geçirýärler.
Başga ýene bir usul hem hyzmatdaşlyk etmek arkaly. Kompaniýalar öz hyzmatdaşlaryndan täze zähmet ussatlyklary öwrenip, ikitaraplaýyn bähbide eýe bolýarlar. 
Hyzmatdaşlyk etmek elmydama hem kompaniýalaryň arasynda giňden geçirilýärdi, emma sanly tehnologiýalaryň zamanasynda bu has hem ýygylaşdy. Statistiki maglumatlara laýyklykda korporasiýalaryň 68%-i häzirki günüň bazarynda şowlulyga diňe hyzmatdaşlyk arkaly ýetip bolýandygyna ynanýarlar. Elbetde hyzmatdaşlyk diňe bir hünärmenleriň ukyp-başarnyklarynyň kemçiliklerini ýapmak üçin däl-de, eýsem bir topary döretmek arkaly bazara has çalt ýetmek we müşderileriň öňünde tapawutlanmak üçin hem uly goldawdyr.

5. Howpsuzlyk we hususylyk örän wajypdyr
Edaralar we kärhanalar üçin IT ulgamy wajyp däl bolan wagty ýokdy, emma sanly ulgama geçiş döwründe onuň wajyplygy has hem artdy.
Maglumatlaryň mukdary tiz depginler bilen ösýär, we onuň bilen bilelikde bagly bolan betniýetlileriň howpsuzlyk ulgamynda bar bolan kemçiliklere hüjümleri hem tiz depginde köpelýär. Şol bir wagtda hem ulanylyş düzgünleri has hem berkidilip, kompaniýalar üçin teklipleri köpeldýärler. Gynansak-da sanly howpsuzlygyň köp meseleleri üçin ýönekeýje çözüw ýokdur. Progressiň ýokary depgini bilen täze tehnologiýalar hem kämilleşýär emma şol bir wagtda hem howplar hem has köpelýär.  Bu bolsa kompaniýalar özleriniň howpsuzlygy üçin gözlegleri hiç-haçan gutarmaýandygyny aňladýar.
Şonuň üçin hem howpsuzlyk meselesine aýratyn uly üns berilýändigi geň galdyryjy zat däldir – ylmy barlaglara esaslansak korporasiýalaryň 38%-i howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirip, işi howpsuzlandyrmak iň bir wajyp mesele diýip hasaplaýarlar, 39%-i innowasiýalary öňe sürüp, 40%-i bolsa müşderiler üçin hyzmatlary kämilleşdirýärler. Kompaniýalar öz işlerini geljekde hem goramak isleýän bolsalar, olar howpsuzlyk meselesini üns merkezlerinde saklamalydyrlar.
Emma beýle diýlende, diňe bir howpsuzlyk tehnologiýalary üçin pul çykdajy etmän, eýsem içki prosessleri has amatly ýöretmek üçin, öz işgärleriniň arasynda howpsuzlygy ýöretmek-düşünjesini terbiýelemeli.
Bu maksada ýetmek üçin kompaniýalar täze tehnologiýalar bilen dogry işleşmek üçin içki dolandyryş ulgamyny gurnaýarlar. Korporasiýalaryň diňe 8%-i, täze tehnologiýalar üçin özleriniň doladyryş funksiýalary “gowy düzülen we aktiw” diýip bellediler, 33%-i bolsa içki dolandyryş ulgamyny gurnandyklaryny aýtdylar. 

6. Saglyga degişli tehnologiýalar öňe çykarlar
Biz häzirki döwürde alymlaryň dürli kesellere garşy göreşmek üçin gyssagly ýagdaýda derman serişdelerini işläp düzýändiklerine haýranlar galýarys. Geljekde bolsa hususy we döwlet edaralarynyň alymlary DNK-ň yzygiderliligini öwrenip, her-hilli agyr keselleri süýjikeselini, rak keselini bejermekde uly üstünlikleri gazanarlar. Saglygy goraýyş ulgamynda genom yzygiderliligi we dermanlaryň tapylmagy köp sanly maglumatlaryň üýşmegine getirdi. Şeýle hem medisina ulanylyş derejesini täze sepgitlere ýetirmäge mümkinçilik döredi. Bu pudaklar köne tehnologiýalar sebäpli yza çekilmeli däldirler.
DNK yzygiderliligi maglumatlary saklamak üçin köp ýer talap eder. Kaliforniýa-Berkeleý Uniwersitetiniň geçiren ylmy işlerine esaslansak, bir adamyň DNK-nyň nusgasy 300GB arassa ýer tutýar. DNK yzygiderliligini ylmy taýdan öwrenmek üçin 50 000-den 100 000-e çenli adamlaryň gatnaşmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem Kaliforniýa-Berkeleý Uniwersiteti uly maglumatlary saklamak üçin FlashBlade® atly maglumatlary saklaýjy ulgamlary ulanýarlar.

7. “Cold Chain” (Sowuk zynjyr) has ulalýar we güýçlenýär
“Cold Chain” (Sowuk zynjyr) – temperaturasy sazlanýan üpjünçilik zynjyrydyr. Käbir keselleriň dermanlary hemişelik belli bir temperaturada saklamak gerek bolýar, şonda “Cold Chain” üpjünçilik zynjyry ulanylýar. Halkara derejede “Cold Chain” üpjünçilik zynjyry  döredilse, täze önümleri we hyzmatlary elýeterli edip bolar. Öňler elýeterli bolmadyk önümler we hyzmatlar giň köpçülige elýeterli bolar.  Muňa esasan hem iýmit, medisina önümleri we DNK-ň tizleşdirilen analizi degişlidir.

8. Uzak aralykdan hyzmatdaşlyk kämilleşer
Häzirki günde biz wideo-konferensiýa hyzmatlary bolmasa oňup bilmeris. Olar hem geljekki ýyllarda düýpli özgeriljekdiklerine garaşylýar. Bilimde we ylymda hyzmatdaşlyk üçin has köp hyzmatlar hödürleniler. Şeýle-de bu innowasiýalar diňe bir iş ýerinde ulanylman ondan daşary hem giňden peýdalanylmagyna garaşylýar. Mysal üçin, uzakda ýaşaýan müşderiler bilen ýüze çykýan meseleleri çözmekde.
Guramalar bu sanly hyzmatlary kämilleşdirmegi isleýärler we gerek bolsa onuň üçin maýa çykdajylaryny etmäge hem taýýardyrlar. “Pure Storage” we “Bredin” tarapyndan 2021-nji ýylda çap edilen “Lider pikirlenmäni öwreniş” hasabatyna esaslansak IT pudagyň ýolbaşçylary onlaýn hyzmatlary kämilleşdirmegiň özi sanly gurşawyň esasy özeni bolup durýandygyny aýtdylar.

9. Oba-hojalyk üpjünçilik zynjyrlary has aýdyň bolar
Oba-hojalyk üpjünçilik zynjyrlary häzirki wagtda örän ejiz ýagdaýdadyrlar. Dünýä Bankynyň hasabatyna görä üpjünçilik zynjyrlaryň bozulmalary sebäpli iýmit önümleriniň nyrhy 20% töweregi gymmatlapdyr.
MakKinseý (McKinsey) kompaniýasyna görä “örän kyn” hasaplanylýan oba-hojalyk üpjünçilik zynjyry meýilnamalaşdyrylanda howanyň ýagdaýyndan başlap nyrhlaryň üýtgemegini hasaba alynmaly. Onuň dogry gurnalmagy üçin goşmaça maglumatlary saklamak üçin ýer, kuwwatly kompýuterler we analiz işleri gerek bolýar.
“Agriculture 4.0,”  — oba-hojalyk pudagynyň geljegi boljak uly innowasiýalary göz öňünde tutýan adalga (termin) bolup durýar. Onuň içine zatlaryň interneti, şeýle hem ilatyň sanynyň köpelmegi we klimatyň üýtgemegi sebäpli uly netijeli işleri geçirmek üçin köp mukdarda maglumatlaryň ulanylmagy girýärler. 
“Agriculture 4.0,” üpjünçilik zynjyrlaryny gowulandyrmakda  aýratyn orna eýe bolar. Braziliýada “UISA” kompaniýasy “FlashStack®” kömegi bilen awtomatlaşdyrylan tehnikany ulanyp, şeker çiňriginiň hasylyny 30% çenli artdyrmagy başarypdyrlar. 

10. AI (Artificial Intelligence – Emeli Aň) sürüji reallyk bolar
Bu üpjünçilik zynjyrlarynda has köp gerek bolan aýdyňlyk bilen baglydyr: çalt transportirowka üpjünçilik zynjyryny işiň netijeliligini kämilleşdirmäge ýardam etse,  sürüjisiz ulaglar has hem uly netijleri gazanmaga kömek eder. Şuňa meňzeş tehnologiýalar ilki bilen üpjünçilik zynjyrlarynda, iýmit önümleriň we harytlaryň daşalmagynda  ulanylar. 
Awtonom (sürüjisiz) ulaglary bazarlarda işletmek üçin maglumatlary işlemek üçin, harytlary ýygnamak, dolandyrmak üçin  täze modelleri talap edýär. AI-sürüjili ulgamlarda maglumatlar hemme ýerde bolýarlar. Ulaglaryň özünde, bulutlarda, olary işledýän platformalarda bolýarlar. Edge computing (ýakyn ýerleşdirilen tehnologiýalar) özleriniň zerur gerek bolan ýerlerinde ýerleşdirilen cloud (bulut) tehnologiýalaryna aýdylýar. Birnäçe millisekunt gijä galmak hem awtonom ulaglaryň işine uly howp salyp bilýär. Mysal üçin, uly ýük maşyny öňünden gelýän öwrümiň howpsuzdygyny kesgitläp ýetişmek.

11. Uzak aralyklardan okuwlar – zerurlyk we has ähmiýetli saýlaw bolar
Birnäçe ýyl ozal, Khan Akademiýasy bilim almaklygy giň köpçülige elýeterli etdi. Uzak aralykdan okuwy has-da kämilleşdirmek maksady bilen AI-tehnologiýalary we kömekçi enjamlary ulanylşa göýbermeklerini meýilleşdirýärler. Ol diňe bir çagalar we ýaşlar üçin niýetlenilmän, islendik adam islegi boýunça akademiýanyň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.

12. Tehnologiýalary ösüşe zeper ýetirmän, tersine goldar 
Klimatyň üýtgemeleriniň öňüni almak boýunça çäreler has-da tizleşdirilende, uglerod zyňyndylaryny azatlmak we durnuklulygy saklamak her bir kärhananyň wezipesi bolup durar. Internet enjamlary we sensorlary mikro derejelerde ölçegleri geçirmek üçin ulanylmagy mümkin bolar. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin hem durnukly maglumat merkezleri hem dörediler. Tiz maglumat merkezleriň hemmesi az elektroenergiýa we sowadyjylary talap edip, uglerodyň zyňyndylaryny azaldarlar.
Innowasion tehnologiýalar özleriniň elektroenergiýasyny sarp edişine garamazdan, maglumatlary aňsatlyk bilen dolandyrmak we işletmek arkaly, ýaşyl gurşawy öňe sürer diýlip garaşylýar.

Geljekki 10 ýylda nämä garaşmaly?
Soňky ýyllardaky tehnologiýalardaky uly innowasiýalar biznesleriň işleýşini, şeýle hem biziň ýaşaýşymyzy we zähmet çekişimizi düýpli özgerti.
Täze özgerişleriň ýokary depgini geljekki 10 ýylda hem diňe tizleşjekdigini aňladýar.  Şu günki esasy innowasiýalara üns berýän kompaniýalar geljekde hem sanly ulgamda özlerine uly ýer eýelärler.




Edebiýatlar:
1) Coca-Cola Company metbugat habarnamasy: “Fountain Favorite: Sprint Cherry is First National Brand Inspired by Coca-Cola Freestyle”. Coca-Cola Company, 13-nji fewral 2017ý.
2) “McDonald”-yň metbugat habarnamasy: “McDonald’s to Acquire Dynamic Yield, Will Use Decision Technology to Increase Personalization and Improve Customer Experience”. McDonald’s, Mart 25, 2019.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25