Kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky innowasiýalar
Kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky innowasiýalar biznes-torunda islenilmeýän hüjümlerden goranmak üçin täze esaslary döredýär. Öýden işlemek ýaly, zähmet çekmegiň häzirki zaman görnüşleriniň kabul edilmegi bilen kiberhowpsuzlygyň wezipesini öňküden has-da wajyplaşdyrdy. Durmuşyň köp ugurlar boýunça sanly ulgama geçmegi bilen, şeýle hem innowasion tehnologiýalaryň ösmegi kiber hüjümleriň sanyny rekord derejä ýetirdi. Hüjümçiler ulgamyň bar bolan her bir kemçiliginden peýdalanýarlar we soňky ýyllarda kiberhüjümleriň sany has hem artdy.
Aşakda kiberhowpsuzlyk pudagyna degişli bolan soňky 5 sany innowasion tehnologiýalar sanalýar.
1. AI we maşynyň öwrenmek ukyby
AI (artificial intelligence) emeli intellektyň kiberhowpsuzlykda geljegi ulydyr we ol esasan howplary tapyp kesgitlemek ulgamlary bilen baglydyrlar. Awtomatlaşdyrma islendik bozulmalaryň tapylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän ol hüjüm edilýän bölümleri gorap hem bilýär. Tordaky howpy ýüze çykarmak üçin häzirki-göni wagtda žurnallary, transaksiýalary (maglumatlaryň geçirilşi) we maglumatlary yzarlamak üçin düýpli öwrenmek ukyby ulanylýar. Maşynyň özbaşdak öwrenmek ukybyna ähli mümkin bolan yzlary tapmak we adaty däl zatlary ýüze çykarmak degişlidir. Ol gurluşy tanamagy “öwrenmäge” we potensial hüjüm synanşyklary barada duýdurmaga ukyplydyr, mundan başga-da ol kiberhowpsuzlyk üçin bar bolan howpy öňünden almak üçin gaýtalanýan hereketleri gizläp uýgunlaşyp bilýär. Şuňa meňzeş innowasion tehnologiýalar günsaýyn kämilleşip, hüjümçileriň döredýän kynçylyklaryny öňden almak üçin gerek bolan gymmatly maglumatlary üpjün edýärler.
2. Hereketleriň analizi
Hereketleriň analizi ösen kiberhowpsuzlyk çözgütleriň esasy bölegi bolup, ol has ygtybar howpsuzlygy üpjün etmek üçin yzygiderli kämilleşýär. Bu tehnologiýa ähli hereketleriň maglumatlaryny saklamaga we her bir ulanyjynyň iş prosessindaky meňzeşlikleri, yzygiderlikleri we endikleri analizirlemek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Hereketleriň kesgitleýji derejesi tutuş gurnama üçin döredilýär we haçan-da mysal üçin belli bir enjamdan maglumatlaryň geçirilşinde adaty dällik köpelse ol mümkin bolan kiberhowpsuzlyk meseläniň bardygyny duýdurýar. Kiberhowpsuzlyk innowasiýanyň bu görnüşi ilki başda tor ulgamlary üçin ulanylan bolsa, häzirki wagtda ol ulanyjylaryň enjamlarynda hem giňden ulanylýar.
3. Blokçein (Blockchain – ýapyk zynjyr)
“Blokçeinyň nämedigini bilemok we häzirki wagtda men ony sorasam hem düşünmerin” – tötänleýin internet ulanyjy Blokçein tehnologiýalaryň ulanylşy ilkinji gezek 2009-njy ýylda bolup, ol merkezi serweri bolmadyk merkezsiz ulgam hökmünde görkezildi. Bu her bir ulanyja uly reýestryň (sanawyň) yzygiderli täzelenýän göçürimini almak mümkinçiligini berýär we ulgamyň doly aýdyňlygyny, galplaşdyrma garşy goraglylygyny üpjün edýär. Maglumatlaryň geçiriliş taryhy islendik wagtda toruň islendik agzasy tarapyndan yzarlanyp bilner, bu bolsa islendik maglumatyň geçirilişini doly yzarlamaga mümkinçilik berýär. Özüniň hatasyzlygy (ýalňyşsyzlygy) bilen birlikde bu blokçein tehnologiýanyň esasy gymmady bolup, ol ulgamdaky maglumatlaryň islendik daşyna çykarylmasynyň, kiberhüjümleriň we galp hereketleriň öňüni almaga ukyplydyr. Adaty merkezi serwerden tapawutlylykda, blokçein tehnologiýasy geçip bolmaýan-diwar häsiýetli paýlanylýan serwer bolup, häzirki wagtda oňa hiç-hili zyýan beriji programmalary salyp bolmaýar.
Blokçein tanama prosessini potensial hüjüm üçin ýer hökmünde hasaplap, ony aradan aýyryp bilýär, şeýle hem bu tehnologiýanyň kömegi bilen kärhanalar enjamlary we ulanyjylary parolsyz (açar söz) tanap bilýärler. Şeýle hem, çalşylmaz ýa-da galplanmaz ýaly her bir maglumat geçirilme wagty bilen belgilenýär we sanly goly goýulýar. Blokçein tehnologiýanyň kömegi bilen kiberhowpsuzlyk biznes maglumatlary geçirmek üçin täze giňişlikleri wada berýär.
4. Nol-ynam modeli (Zero-trust model)
Nol-ynam modeli hemme ulanyjylaryň maglumatlary we çeşmeleri açmazdan öň, tanalmagyny we şahsyýetleşdirilmegini talap edýär. Ulanyjylar guramanyň edarasynyň içinde ýerleşýän hem bolsalar bu düzgün aýrylmaýar. Bu tehnologiýa hiç zady howpsuz diýip kabul etmeýär, munuň özi bolsa beýleki adaty (guramanyň içki tor-ulgamynda ähli zatlar howpsuz diýip kesgitleýän) howpsuzlyk modeller bilen deňeşdireniňde innowasion garaýyş bolup durýar. Içki hüjümler daşky hüjümler bilen deň derejede hasaplanylýar. Adyndan belli bolşy ýaly ynamly kabul ediş düşünjesi bu ulgamda aslynda ýokdur we her bir giňişlik howply diýlip hasaplanylýar. Nol-ynam modelini ulanmaga wajyp maglumatlary tanamak, bu maglumatlaryň akymyny şekillendirmek, logiki we fiziki bölmek we hüjümleri awtomatiki ýüze çykarmak bilen olara jogap berip, soňky nokatlary hemişelik dolandyrmak.
5. Enjamlary tanamak (Hardware authentication)
Enjamlary tanamak innowasion tehnologiýa bolup, ol ulanyjylar parol (açar-söz) bilen birlikde ýazyp girizmekleri üçin wagtlaýyn, ýeketäk kriptografiki kody döredýär (generirleýär). Diňe şondan soň ulanyjylar saklanýan maglumatlary açyp bilerler. Beýle usul parol (açar-söz) bilen birlikde ulanyjynyň ýörite fiziki subutnamalary arkaly tanalmagyna esaslanýandyr. Şunuň ýaly fiziki nyşanlar ýitirilip ýa-da kanuny eýelerinden ogurlanyp hem biliner, şol sebäpli hem olaryň birnäçe oruntutujylary (alternatiwlary) bardyr, mysal üçin programma esaslanan tanama ýa-da SMS arkaly barlag. Muňa iki faktroly tanama (2FA — two-factor authentication ) hem diýilýär. Munuň özi häzirki wagtda giňden ulanylýandyr, ulanyjy fiziki nyşanlary boýunça tanamak tehnologiýasy bolsa ösüp barýan derejededir.
Kiberhowpsuzlykdaky innowasiýalar bu ulgamyň has hem çalt ösmegine ýardam etdi. Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri üçin bu ulgamdaky zamananyň soňky innowasiýalary bilen tanyş bolmak we olary öwrenip tejribede ulanmak örän wajypdyr. Tor ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýän möhüm, täze tehnologiýalary öwrenmek üçin zähmet çeksek biz öz innowasion syýahatymyzy has hem durnukly we howpsuz usulda geçip bileris.
Şu salgydan alnan: https://innovationcloud.com/blog/cybersecurity-innovation-as-the-backbone-of-digital-transformation.html