Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi


Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurduň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Milli bilim institutynda onlaýn usulda guralan bäsleşige Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary öz taýýarlan işleri bilen gatnaşdylar.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň maksady okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olaryň döredijilik başarnyklaryny, bäsleşige ukyplylyk endiklerini ösdürmekden, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmekden we wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Jemleýji tapgyra mekdep okuwçylary ylmy-gözleg, taslama, täzeçillik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruktorçylyk, modelirleme we maket taýýarlamak boýunça başarnyklaryny açyp görkezýän, sanly tehnologiýalara esaslanýan işleriniň 60-dan gowragy bilen gatnaşdylar. Hödürlenen işler wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, amaly gymmatlygy, durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi, hiliniň we beýan edilişiniň görkezijileri boýunça bahalandyryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Daýanç Kurbandurdyýew we Altynaý Araztaganowa robot tehnikasy, Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň okuwçylary Mekan Begenjow hem-de Hydyr Baýarow takyk ylymlar, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň okuwçylary Selbinýaz Ataýewa we Wepa Jumaýew tebigy ugurlar boýunça ýeňiji bolmagy başardylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Bilim ministrliginiň we Milli bilim institutynyň diplomlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

                                                                                                                                                                       Şu salgydan alnan: https://turkmenportal.com/tm/blog/45078/turkmenistanda-mekdep-okuwchylaryn-arasynda-yglan-edilen-ylmydoredijilik-basleshiginin-jemi-jemlendi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25