«Mugallymlar gazeti» gazetinde döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Halkyň Arkadagly zamanasy: ylym-bilimiň beýik ösüşleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren bagtyny makalalarda, hekaýalarda we goşgularda açyp görkezmekden ybarat.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde Türkmenistanyň ylym, bilim ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde ýaş nesli watançylyk we bagtyýar zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti wasp edilmelidir.
Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
- iň gowy makalalar;
- iň gowy hekaýalar;
- iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenilmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, iş we öý salgysyny hem-de telefonbelgisini görkezmelidir we döredijilik işini «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
Bäsleşige hödürlenilen işler bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda — sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Şu salgydan alnan: https://turkmenportal.com/tm/blog/44366/mugallymlar-gazeti-gazetinde-doredijilik-basleshigi-yglan-edildi