Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary



Her bir güni täze ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly üns berilýär. Bu babatda her ýylda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň jemlerine bagyşlanan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby bize uly gollanma boldy.

Ählimize mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” jemlerine bagyşlanyp, geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynda elimize gowuşmagy ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka boldy.  Many-mazmuna baý bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eserindäki «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary» atly bölüminde ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda amala aşyrylýan işleriň esasy maksady ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn goldanmagynda döredilýän mümkinçilikler barada maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. 

Gymmatly kitabyň sahypalaryndaky ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň ýerleşdirilmegi zehinli hem zähmetsöýer ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaşlarda zähmete, Watana bolan söýgini döretmekde halypa şägirtlik gatnaşyklary türkmen halkynyň terbiýe mekdebinde wajyp ähmiýete eýedir. Gündogaryň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem ahlak, adamkärçilik, terbiýe meseleleri giň orun tutýar. 

Aýjan OMAROWA,

Türkmenistanyň  Daşary  işler  ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25