Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatyň hazynasy
Magtymguly Pyragy beýik akyldar, öwüt-nesihatly şahyr bolupdyr. Ol öz Watanyňy, halkyňy, onuň däp-dessuryny ýürekden söýüpdir. Ol öz goşgularynda il-ýurdy tüýs ýürekden söýmegi, oňa hemişe wepaly bolmagy, dönüklik etmezligi ündäpdir, öz pikirlerini “Türkmeniň”, “Türkmen binasy”, “Gidiji bolma”, “Gymmat ýagşydyr” ýaly goşgularynyň arasyndan eriş-argaç bolup geçýär.
Akyldar şahyrymyz myhman hakynda, halkymyzyň oňa goýýan aýratyn sarpasy hakynda gürrüň edýär. Ol “myhman” diýen söze diňe bir öýe gelýän ýa-da çagyrylan adam hökmünde garaman, eýsem her bir adama bu dünýäniň myhmany diýen manyny berýär. Şonuň üçin adamlaryň birek-biregiň gadryny bilmäge çagyrýar. Dana şahyrymyzyň goşgularynda adam ykbalyna dahylly öwüt-ündewlerden başga-da, durmuşda duş gelýän iň ownuk meselelere-de ýüzlenip geçilýär. Şahyryň goşgularyny okanyňda durmuşyň islendik meselesinde anyk çözgüdiň, jogabyň bardygyny görmek bolýar.
Magtymgulyň her bir sözi
Ýürekden ýürege ýeter
Teşne oňa dünýäň ýüzi
Ýüreklere siňer gider
Ynsan ogly zer islemez
Bolsa Magtymgulyň şygry
Kalpda özge zat beslemez
Paýhasa tarapdyr ugry
Hut şonuň üçin-de Arkadagly Serdarymyzyň yglan eden Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň sarpasy has-da belent tutulýar. Nusgawy şahyryň döredijiligini öwrenmekde, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, janlary sag, beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Täzegül ÇARYÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 21-nji
çagalar bakja bagynyň usulçysy.