Bahar – zeminiň görki
Bahar pasly – täsin suratkeş. Onuň tebigatyň dagyna, düzüne, baýryna çeken al-elwan öwüşginli ajaýyp suratlary ýürekleri joşdurýar. Bu gözel görnüşleri gözüň bilen görmegiň, gülleriň ysyny gana-gana almagyň özboluşly lezzet, gyzygy bar. Bagtyýarlyk döwrümiziň wakalary bahar pasly ýaly ajaýyp, baharyň goýnunda bir pursatlyk düşleseň, ýüregiň joşgundan, ylhamdan püre-pürlenýär. Bahar ähli gowulyklaryň, gözellikleriň zeminde düşleýän pursady. Bu bahar ýaýlalara, sähralara diňe bir gujak-gujak gül alyp gelmän, eýsem guş-gumrulara şirin zyban, çeşme-çaýlara joşgun, baglara pyntyk, köňüllere bolsa egsilmez ylham, söýgi paýlaýşy ýaly mähriban zenanlarymyz hem durmuşymyzy janlandyrýan jadyly güýje eýe. Zemini mähri bilen ýyladýan zenan bilen bahar gözelliginiň sazlaşygynda durmuş has-da ajaýyplaşýar.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar gününiň ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilmegi, merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýelemäge iterýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gelin-gyzlarymyza we enelerimize goýulýan sarpa günsaýyn artýar. Olary hormatlamakda halkymyza nusga bolan Mähriban Prezidentimiziň belent adamkärçiligi, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde durmuşa geçirýän asylly işleri halkymyz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Goý, tebigata terlik eçilip gelen gülşenli bahar siziň göwünleriňizi galkyndyrsyn!
Gülçehra BABAHANOWA,
Türkmenabat şäheriniň 21-nji çagalar
bakja bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler
Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.