Berkarar döwlet istärin
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet derejesinde dabaraly yzygiderli çäreler geçirilýär. Dana şahyrymyz watançylyk , ahlak, mertlik, edermenlik, paýhaslylyk, dünýä akyl ýetirmek, eli açyklyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri nesillerde terbiýelemegiň halkyň jebisleşmegine we mizemezligine getirýär diýen pikire uýupdyr. Hut şonuň üçinem türkmen halkynyň şol gymmatlyklarynyň, dünýägaraýyşynyň kemala gelmeginde, şahyryň döredijiligi egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Pyragy özüniň ajaýyp paýhasy, dürdäne sözleri bilen indi ençe wagt bäri, türkmeniň we sebit halklarynyň aňyna täsir edip gelýär. Şahyryň öňdengörüjilik bilen aýdanlary bu gün wysal tapýar.
“Berkarar döwlet istärin” diýen sözleri türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan Magtymguly Pyragy ýöne bir sazlaşyk üçin aýtman, eýsem onda ynsan duýgularyna täsir edýän durmuş hakykaty, şahyryň köňül arzuwlarynyň beýany jemlenen. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň goşgularynda biz türkmen halkynyň ajap zamana, bagtyýar durmuş, bitewi döwleti gurmak barada arzuwlarynyň jemlenendigini görýäris. Şahyryň döwri, durmuş ýoly, döredijiligi barada gürrüň berýän sungat eserleriniň ählisiniň onuň goşgulary esasynda döreýänligi sebäpli, olaryň has täsirli, halkyň ýüregine ýakyn, halkyň aňynda baky orun tutýan eserler bolmagyna ýardam edýär. Ine, şol ajaýyplyklary öz eserlerine siňdiren sungat ussatlarynyň işlerinde görmek bolýar.
Biziň ajaýyp ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde her bir ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2024-nji ýyl “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýyly diýilip atlandyryldy. Beýle atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki bu ýylda beýik akyldar şahyrymyzyň 300-ýyllygy dünýä derejesinde beleniler. Bu mynasybetli her bir döredijilik işgärleri, suratkeşler, bagşy sazandalar, şähyrlar öz döredijiliginde Magtymguly Pyraga giň orun berer.
Sungat ussatlary çuň mazmunly şygyrlary arkaly ynsan kalbyny ýagşylyk nuryna, ahlak gymmatlyklaryna beslän nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kämil eserleriniň many- mazmunyny sungat işlerinde wasp etmekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhybelent, edepli-ekramly ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini açyp görkezmek ol işleriň özeninde durýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giňligi, türkmen halkynyň merdana ogullarynyň gaýduwsuzlygy ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri öňe sürýär. Şahyryň dürdäne setirleriniň mazmuny il-günüň agzybirligi we jebisligi bilen baglydyr. Beýik Pyragy türkmen halkynyň bir başa bakyp, bir supranyň başyna jemlenende, güýç-kuwwadynyň egsilmejekdigini, abraý-mertebesiniň belent boljakdygyny nygtaýar. Beýik akyldar, şahyr, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy, baky taglymaty bolan şygyrlar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar.
Aýnur BAÝRAMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň
pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.