Magtymguly sözlär tili türkmeniň



Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik akyldardyr. Nusgawy şahyryň adamzadyň medeni ösüşiniň in belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän baý döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhyna hem altyn harplar bilen müdimilik ýazyldy.” diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň agzybir,  ynsanperwerlik, watanançy, bir döwlete gulluk etmek baradaky paýhaslary häzirki günlerimizde uly ähmiýete eýedir. Şahyryň ruhy mirasy ähli ynsanlaryň ýüreginde ylham çeşmesi bolup orun tapýar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň arzuw-islegleri, paýhaslary  jemgyýeti jebisleşdirip, il-ulsymyzy ösüşe ruhlandyrýan güýç bolup durýar. Magtymguly Pyraga ýurdumyzda we halkara derejesinde şeýle ýokary hormat goýulmagy türkmen paýhasynyň dabaralanýandygyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: ”Beýik Akyldaryň erkin, Garaşsyz döwlet baradaky eden arzuwlary bu gün doly hasyl boldy, bir döwlete, bir ojaga, gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly Pyragy şamçyrag bolup, şugla saçýar” diýen sözleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda Her bir gelýän ýyla özüne mynasyp atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. 2024-nji ýylyň hem “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýilip atlandyrylmagynda uly many bar. Çünki bu ýyl Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň  doglan güniniň 300-ýyllyk dabarasy Dünýä derejesinde giňden bellenilýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda  edebiýatymyzy, medeniýetimizi, -beýik şahsyýetlerimize öwrenmäge giň ýol açyldy. Türkmen halkynyň bir aňynda akyl paýhasynda uly yz galdyran şahsyýetleriň  biri-de Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy bolup durýar. Elbetde Magtymguly  Pyragynyň bir döredijiligini dünýä ýaýmakda ony halkara giňişligine çykarmakda ilki bilen Türkmen halkynyň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatyny bir dowamat dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize giň ýol açyp döredip beren mümkinçilikleri esasanynda bu günki gün Magtymguly Pyragynyň bir döredijiligini öwrenmäge ony bir dünýä derejesine çykarmaga ähli şertler bar. 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň gol ýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly milli maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Elbetde Magtymguly Pyragynyň ÝUNESKO-nyň milli sanawyna orun almagy ýokary derejä götermeginiň bir mynasypdygyny görkezýär. Diňe bir biziň döwletimize däl eýsem dünýäniň dürli döwletlerinde dürli ýerlerinde birnäçe gol ýazmalar saklanýar. Ol gol ýazmalar bolsa bu günki gün öwrenlip ony birnäçe dillere terjime edildi. 2024-nji 2025-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň hataryna goşuldy.

Elbetde Magtymguly Pyragynyň iki gezek ÝUNESKO-nyň sanawyna orun almagy ähli türkmen halkyny şol bir wagtda dünýä  halkaryny has-da bir  buýsandyrdy.Ýene-de buýsandyryjy zatlaryň biri TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy  ýyly diýlip yglan edilmegi ýa bolmasa Magtymguly Pyragyny bir TÜRKI dünýäsiniň şahyry diýlip  ykrar edilmeginiň özi Magtymguly  Pyragynyň  diňe bir türkmen halkynyň şahyry dälde eýsem tutuş dünýä halklarynyň bir şahyryna öwrülendiginiň  subutnamasy bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusynda Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsine aralaşandygyny duýman galýarsyň. Alym Arkadagymyz Magtymguly Pyraga bir “onuň aly jenaby  Magtymguly Pyragy” diýip ýüzlenmeginiň özi eýýäm nähili bir beýik, ony ýokary derejede  görýändiginiň   subutnamasy bolup durýar. Ýekeje setir sözüň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň giň dünýäsini “Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine” diýip   özüniň ajaýyp goşgusy bilen beýan edýär.

Ynha şular ýaly ýokary derejede bir Magtymguly Pyragynyň  dünýäsini taryp etmek elbetde bir goşgy düzmegiň inçe iň kämil ýoluny ele almasaň bular ýaly ýokary derejede goşgy düzmek mümkin däl, elbetde şu  zatlaryň özi bir Gahryman alym Arkadagymyzyň hakykatdan hem bir ýokary derejelerde ýazýanlygynyň bir subutnamasy bolup durýar. Sebäbi alym Arkadagymyzyň özi her bir işde bize görüm-görelde bolup durýar. Ynha Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý dabarasyny bellemek boýunça Hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren meýilnamasyna laýyklykda  daşary döwletlere birnäçe ýurtlara iş saparlary guramak göz öňüne tutulýar, şol iş saparlaryň çäginde bolsa Magtymguly Pyragynyň bir döredijiligini öwrenmek ony dünýä ýaýmak ugrunda birnäçe işler alyp barmak göz öňüne tutulýar, şeýle alnyp barylýan işlerde bolsa Gahryman alym Arkadagymyz şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara aýratyn mümkinçilik döredip berdi.

Magtymguly Pyragynyň kitaplaryny neşir etmek hem göz öňüne tutuldy. Mysal üçin ýaş çagalar ýetginjekler üçin Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýazylan suratly kitaplary çykarmak hem ýörite meýilnamada işlenip taýýarlanan, ýa bolmasa Magtymguly Pyragynyň portalyny döretmek üçin ýörite işler alnyp barylýar, şol programa üpçünçiligini  ýerine ýetirmekde  ýa bolmasa Magtymguly bilen bagly şol portala ýerleşdiriljek  maglumatlary işlemekde  ýaşlara aýratyn giň orny berildi. Magtymguly Pyragynyň bir döredijiligini öwrenmekde alnyp barylýan işlerde hem ýaşlaryň ornunyň bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Sebäbi Gahryman alym Arkadagymyz “ýaşlar biziň geljegimizdir “diýip belleýär Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň diňe bir şu günki günde däl, eýsem uzak menzillerini ýaşlarda görýänliginiň bir subutnamasy bolup durýar.

Türkmen edebiýatyny, türkmen medeniýetini, türkmeniň beýik şahsyýetlerini, öwrenmäge giň  mümkinçilik döredip berýänligi üçin Gahryman alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.



Şirin AKMURADOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň

pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25