Kömek hemişe ýanyňda: ýaşlary ylmy işe çekmekde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň orny


Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Ýaşlary ylmy işe çekmekde öňdebaryjy alymlaryň tejribesini ulanmagyň ähmiýeti» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.

Institutyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew maslahaty açmak bilen, himiýa we himiki tehnologiýalar boýunça ýokary bilimli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň möhümdigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, halypa-şägirtlik ýörelgesi türkmen halkynyň nesilleriň dowamlylygyny, toplanan bilimleriň we tejribäniň alyş-çalşygyny, ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesini üpjün edýän köp asyrlyk däpleriniň biridir. Häzirki wagtda Himiýa institutynyň işgärleriniň ýarysy diýen ýaly ýaşlardyr. Olaryň sany ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebi Hytaýda, Russiýada we Belarusda tamamlan ýaşlaryň hasabyna ýylsaýyn artýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň degişli bölümleri institutyň ýerliginde iş alyp barýarlar.

Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikdäki işlerini guramak, ylym bilen bilimi birleşdirmek ýaly meseleler, Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Organiki däl we analitika» bölüminiň müdiri O.N.Geldiýewanyň we Himiýa institutynyň «Tebigy, gidromineral çig malyň himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň esasy ylmy işgäri L.B.Atamalowyň çykyşlarynda jikme-jik beýan edildi.

Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy M.Gurbanow çykyşyny ýaşlaryň himiýa tehnologiýalary boýunça taýýarlygyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryna bagyşlady. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy B.Ataýewanyň çykyşynda bolsa döwrümiziň ylmy jemgyýetiniň täze neslini emele getirmekde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň netijeliligi açylyp görkezildi. Beýleki çykyş edenleriň çykyşlarynyň mowzuklaryna-da şu nukdaýnazardan garalyp geçildi.

Halypa-şägirtlik tejribesiniň netijeliligini atlary agzalyp geçilen ýokary okuw mekdepleriň talyplary Gülbahar Berdiýewa, Şanazar Bäşimow we Eziz Hommatgulyýew dagy maslahatda eden çykyşlary bilen tassykladylar. Olar öz çykyşlaryny «Şor suwy arassalamagyň we süýjetmegiň innowasion membrana tehnologiýalary», «Plastik galyndylary gaýtadan işlemegiň ekologik we ykdysady ähmiýeti» we «Ýerli çig maly ulanmak bilen, dokma önümleri üçin tebigy boýag öndürmegiň himiki usullary» ýaly wajyp mowzuklara bagyşladylar.

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25