Hytaýly arheologlar Şang neberesine degişli 28 mazar tapdylar


Hytaýda arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Şang neberesine degişli bolan 28 mazar tapdylar. Bu ýerde jaýlananlaryň miladydan öňki II müňýyllyga degişlidigini «TASS» habar berýär.
Bu täze tapyndylar ýurduň merkezindäki Henan arheologiki meýdançasynda ýerleşdiriler. Munuň özi arheologlar tarapyndan gadymy In şäheriniň harabalyklarynyň daşyndan tapylan ilkinji uly açyşdyr.
Mazarlarda ýokary derejeli aristokratlaryň maşgalalary, hyzmatkärler we haýwanlar jaýlanypdyr. Ähli tapyndylar, esasan hem, ata-babalarynyň ýadyna hormat goýýan Şang neberesiniň döwrüne degişlidir.
Alymlar mazarlaryň öwrenenilmeginiň şol döwrüň jemgyýetçilik gurluşy we jaýlanyş däpleri barada täze maglumatlary anyklamaga kömek etjekdigine bil baglaýarlar.

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25