Türkmen talyplary «Rudn Matholimp» halkara matematika olimpiadasynyň 20 medalyna eýe boldular


Türkmen talyplary Moskwada geçen «RUDN MathOlimp» Halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş hem-de 4 bürünç medallara eýe boldular. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.  
Ýekelikde we toparlaýyn görnüşde geçirilen intellektual bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Alžiriň, Beýik Britaniýanyň, Sloweniýanyň hem-de Fransiýanyň 30-a golaý ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän ýaşlar gatnaşdylar.  
Olimpiadanyň halkara eminler toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki derňew kafedrasynyň mugallymy, ýokary okuw mekdebiň ýaş matematikler toparyna ýolbaşçylyk edýän Agaserdar Ýollyýewiň hem girýändigini bellemek gerek.
Meseleleri ýekelikde çözmek üçin bäsleşige gatnaşyjylara dört sagat wagt berildi. Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow hem-de Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili Nurmyrat Ataýew, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutyndan «ylymlaryň şasy» hasaplanýan matematikanyň muşdaklary Gurt Döwletow bilen Muhammet Annaýew altyn medallara eýe boldular.   
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri Şabibi Nurjanowa we Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa hem-de Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň döwlet energetika institutyndan Akmuhammet Gurbangeldiýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan Kadyrberdi Annabaýew bilen Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Gurtgeldi Hanow dagy bolsa kümüş medala eýe çykdy.
Bürünç medallary eýelemek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýewe, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Gülöwser Gylyçmämmedowa hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Melike Jumaýewa bilen Ýazguly Aşyrowa miýesser etdi.
Köpçülikleýin olimpiada gatnaşan her bir uniwersitetiň dört okuwçydan ybarat bolan düzümi bolsa toparlaýyn bäsleşikde başarnygyny synady. Ýaryş üç tapgyra uzady. Şunlukda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň toparlary hormatly üçünji orna eýe bolmagyň hötdesinden geldiler. Bu toparlara bürünç medallar gowşuryldy.
Ýeňijileriň ählisine eýe bolan baýraklary gowşurylyp, ýörite şahadatnamalar bilen sylaglandy. Olimpiadanyň jemleýji dabarasynyň çäginde «RHDU (Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersiteti) planetasy» atly dostluk konserti guralyp, bu ýerde intellektual bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň milli aýdym-sazlary ýaňlandy we tanslary ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25