2024-nji ýyl - Magtymguly Pyragy ýyly



Bilşimiz ýaly, Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl - Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi.

Geljek ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellener. Türkmenistan bu şanly senäni giňden hem-de halkara derejesinde belläp geçmek üçin taýýarlyk işlerini ýokary derejede görýär.

2024-nji ýylda bu şanly sene mynasybetli birnäçe medeni çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Birnäçe halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyr-filosofyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer.

Ýeri gelende ýatlasak, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçilipdi.


Toýlyýew Toýly,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 

edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25