ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “ELEKTRON SHEMALARYŇ DERŇEWI WE HASAPLANYŞ USULLARY” OKUW KITABY ÇAP EDILDI

 



Elektron
shemalaryny derňemekligiň maksady olaryň häsiýetleri barada has doly maglumat
almakdan, berlen tehniki talaplar boýunça täze zynjyrlaryň sintezini we
zynjyrlary hasaplamagyň algoritmlerini işläp düzmek üçin gerek bolan giriş
hem-de çykyş 

parametrleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýüze çykarmakdan
ybaratdyr. Elektron shemalaryny derňemek meselesi özüne elektron shemalaryň
adekwat matematiki modellerini gurmaklygy, bu modeller boýunça berlen
funksiýalary we parametrleri kesgitlemekligi, ýygylykly, wagtly hem-de beýleki
häsiýetnamalary gurmaklygy birleşdirýär.



Ýaňy-ýakynda
ýokary okuw mekdepleri üçin “Elektron shemalaryň derňewi we hasaplanyş usullary”
okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, G.Hojamämmedow, P.Annamyradow – A.: Ylym,
2026. – 320 sah.) çap edildi. Bu okuw kitaby girişden, alty bölümden,
peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Olar elektron zynjyrlary
modelirlemegiň umumy soraglary, shemanyň funksiýalary, ýygylykly we wagtly
häsiýetnamalary, olaryň parametrleri, elektron shemalaryň algebraik modellerine
esaslanan derňemek usullary, elektron shemalaryň topologik we nazary-köplük
modellerine esaslanan derňemek usullary, üýtgeýän ýagdaýlar usuly bilen
elektron shemalary, impulsly (açarly) shemalary derňemek usullaryny öz içine
alýar.



Okuw kitaby
ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy,
mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar, senagat elektronikasy hünärleriniň
talyplary üçin niýetlenendir. Ondan inžener-tehniki ugurly beýleki hünärlerde
okaýan talyplar hem peýdalanyp bilerler.



 



Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25