«VII – X SYNPLARDA FIZIKADAN SAPAK ÝAZGYLARYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA USULY GOLLANMA» ÇAP EDILDI
Bilim işgärleriniň, aýratyn hem, mekdep mugallymlarynyň öňünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň nesillerine dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe bermek wajyp wezipe edilip goýuldy. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin umumy orta bilim berýän mekdeplerde fizika dersini öwretmek arkaly okuwçylary ösen tehnikanyň häzirki zaman önümçiliginde ulanylyşy, fizikanyň kanunlarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyrmak, bu babatda okuwçylaryň geljekde zerur bolan amaly endikleri doly ele almaklary möhüm hasaplanylýar.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» atly okuw gollanmasy (awtorlary: M.Ýarbazow, M.Amanow, G.Gurbanow, O.Mämmetgulyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi.
Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi mugallymyň ussatlyk bilen sapagy döredijilikli guraýşyna gönüden-göni baglydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky çykaran 2006-njy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini has-da ýokarlandyrmakdan, usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr.
2022-nji ýylda «Umumy bilim berýän edaralarda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly gözükdiriji» tassyklanyldy. Şol gözükdirijiniň esasynda taýýarlanan bu usuly gollanma girişden, dört bapdan we mazmundan ybarat bolup, onda 2021-nji ýylda tassyklanan fizika dersi üçin okuw maksatnamasynda VII – X synplarda geçilmeli temalaryň ählisine degişli sapak ýazgylary talabalaýyk şekilde berilýär. Sapak ýazgylary okuw kitabynda ýerleşiş yzygiderliliginde berildi. Ondan başga-da, bu sapak ýazgylaryny taýýarlamak üçin zerur bolan gönükmeleriň çözülişi hem görkezildi.
Bu okuw gollanmasy fizika sapagynda geçilýän temalaryň okuwçylara has düşnükli we özüne çekiji bolmagyna, mugallymyň sapagy döredijilikli guramagyna we geçirmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi