ÄHLI ÇAGALAR ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIKLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi we ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň I synpy üçin ilkinji gezek “Informatikanyň esaslary” (awtorlary: L.Ruliýewa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa, W.Çernikowa, S.Wolkowa) okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu möhüm işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän çagalar bölüminiň tejribeli mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.

Okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary nazara alnyp taýýarlanyldy. Onda iri şriftler, ýokary kontrastly bezegler, ýörite duýujy elementler hem-de uýgunlaşdyrylan şekiller ulanylyp, okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak endiklerini netijeli özleşdirmegine giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem okuw kitabyny taýýarlamak işinde adaptasiýalaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler we maglumat elýeterliligi boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25