Ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 23-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – terbiýe mekdebidir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar, önümçilikde zähmet çekýän ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar. Maslahat öz işini esasy mejlisde we 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 110-a golaý ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25