“Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy hakyky we jogapkärli ösüşiň kepili” atly syýasy söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 19-na Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen dostlukly Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýdyň aýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda, döwletlerimiziň arasyndaky bähbitli gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýän günlerinde Premýer-ministr Anwar Ibahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Nebitgaz pudagy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň strategik ugry bolup durýar. Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň ilkinjileriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu kompaniýanyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň göwrümli işleriň başlanjakdygyny belledi. Hakykatdan hem Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatynyň dünýäniň ösüşine hyzmat etmek mümkinçilikleri bar.
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda “Türkmenistan – Malaýziýa nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatda eden çykyşynda nebitgaz türkmen-malaý hyzmatdaşlygynda “PETRONAS” kompaniýasynyň uly ornuny belläp, bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberinde maýa goýumyny goýandygyny aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurdumyz Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda kuwwatly energetiki döwlete öwrüldi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri 30 ýylyň dowamynda “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge goşan goşandy barada durup geçip: “Bu üstünlik iň esasy binýada - ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we “PETRONAS” hakyky, ygtybarly hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler” diýip hem-de Magtymguly şahyryň: “Köňüller, ýürekler bir bolup başlar; Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar” diýen şahyrana setirleriň şu günki duşuşygyň düýp manysyny açyp görkezýändigini ak ýürekden nygtady.
Çykyşlarda bellenilşi ýaly, şu maksat bilen deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, bahaberiş we ulanyş guýylary burawlandy. Şu işleriň netijesinde häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriň uly gorlary açyldy. Şolaryň hatarynda “Magtymguly”, “Diýarbekir, “Garagol Deňiz” ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda “Öwez” we “Maşrykow” ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.
Hazar deňizinde bilelikde işlenen döwürde 44 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy “PETRONAS” kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä baryp, Türkmenistan bilen “PETRONAS” kompaniýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilionynda giňişleýin açylyp görkezilen hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdylar we kompaniýanyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşandyny ýokary bahaladylar. Şonda gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat durýandygyny aýratyn bellediler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti