Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 19-na institutyň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen Ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda «Maşgalam-baş galam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutyň zenan mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy» boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi dogrusynda, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgeleri, nika bozulmalaryň öňüni almak, nesil terbiýesi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty