RUS DILINDE OKADYLÝAN V SYNP ÜÇIN «ЛИТЕРАТУРА» OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI ÇAP EDILDI
Türkmenistanda milli bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Şol işleriň nobatdaky möhüm netijeleriniň biri hökmünde umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan V synp okuwçylary üçin «Литература» okuw kitabynyň täzeden işlenilen we üsti ýetirilen nobatdaky neşiri çap edildi. Okuw kitabynyň täze neşiri (awtorlary: S.Saparowa, T.Hojamedowa, E.Gulmuradowa, L.Kasparowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) häzirki zaman biliminiň talaplaryny we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy.
Bu okuw dersi ozal başlangyç synplarda okadylan «Родная речь» dersiniň dowamy bolup, okuwçylary çeper edebiýatyň täsin dünýäsine alyp barýar. Onuň esasy maksady ýaş nesilde kitaba bolan söýgini kemala getirmekden, okamak medeniýetini ösdürmekden, döredijilikli pikirlenmegi höweslendirmekden we edebi eserleri seljermek endiklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Okuw kitabynyň sahypalarynda halk döredijiliginiň we edebi mirasyň iň gowy nusgalary jemlenendir. Okuwçylar tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, sanawaçlar, nakyllar we atalar sözleri ýaly folkloryň kiçi we dürli žanrlary bilen, şeýle hem «Şalgam we bal», «Garga we leňňeç» hem-de «Gözel Wasilisa» ýaly meşhur rus halk ertekileri bilen tanşarlar. Bu eserleriň öwrenilmegi okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, çeper sözüň baýlygyny açyp görkezmäge hem-de edebiýatda şöhlelenýän ahlak gymmatlyklaryna has çuňňur düşünmäge ýardam berer.
Okuw kitabynyň nobatdaky neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky netijesidir. Bu okuw kitaby okuwçylar üçin ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda ygtybarly we gymmatly çeşme bolup hyzmat eder, ýaş nesli ruhy gymmatlyklaryň hem-de çeper döredijiligiň dünýäsine gönükdirer we bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýokary medeniýetli nesli terbiýelemäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi