Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleri bilen bilelikde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy bilen baglanyşykly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty