Edebi mirasymyz — döwrebap bilimiň binýady

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny arşa göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürilýär. Milli gymmatlyklarymyza esaslanyp, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine mynasyp goşant goşjak ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlary kemala getirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalaryň ilerledilmeginde bolsa milli ýörelgelerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz, şeýle hem edebi mirasymyz mynasyp orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda baý tejribe toplandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara münberlerden öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary, dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklary has netijeli ugurlar boýunça ilerletmekdäki tagallalary Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň anyk beýany bolup durýar. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär hem-de pugtalandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ukyp-başarnykly ýaş nesli kemala getirmekde şöhratly geçmişimizi, taryhy şahsyýetlerimizi hem-de milli mirasymyzy öwrenmäge uly üns berilýär. Ýaş nesli köpasyrlyk şöhratly taryhymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek bilim-terbiýeçilik edaralarynyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Bu asylly ýörelgeler ýaşlarda watansöýüjilik, şahsy jogapkärçilik, taryhymyzy çuňňur öwrenmek hem-de türkmen halkynyň milli däplerini mynasyp dowam etdirmek ýaly häsiýetleridir düşünjeleri kemala getirýär. Döwletimize hem-de döwrümize mynasyp nesilleriň bilim-terbiýeli bolup ýetişmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän ylmy-nazary, ylmy-filosofik kitaplary, çuňňur many-mazmunly eserleri gymmatly çeşme, nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jildinde türkmen topragynyň mukaddeslik saýylýan ajaýyp kitaplary miras galdyran alymlaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, owalahyr danyşment-ulamalaryň Watanydygy nygtalýar. Kitapda beýan edilişi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde türkmen alymlarynyň at-owazasy daglar aşypdyr. Orta asyrlarda Amul, Farap, Merw, Sarahs, Nesewi, Gürgen, Dehistan, Horezm ýaly ýa-da beýleki ýer-ýurt atlaryny özüne tahallus edinen alymlaryň dünýä ylmynyň öňünde bitiren hyzmatlary bu günki gün tutuş Zemine äşgärdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň ady dünýä ýaýran beýik şahsyýetler bolandygynyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň geljege beýik mirasy — pelsepewi pikirleri, baý mazmunly çeper eserleri, taryhy özgerden ýörelgeleri galdyran alymlaryňdyr şahyrlaryň neslidigine akyl ýetirmegini gazanmak nesilleriň arabaglanyşygyny döredýän esasy wezipedir. Abu Seýit Abulhaýyr, Ýusup Balasagunly, Mahmyt Kaşgarly, Nyzamylmülk, Omar Haýýam, Muhammet Gazaly, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Ownadeddin Aly Enweri, Mahmyt Pälwan, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly halkymyzyň we dünýä halklarynyň söýgüsine mynasyp bolup, türkmeniň şöhratyna şöhrat goşan beýik alymlaryňdyr söz ussatlarynyň, danyşmentleriň döreden işleri ynsan kalbynyň töründe müdimilik orun eýeleýär. Olaryň miras goýan işleri döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämillik ruhunda terbiýelemekde görelde mekdebidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürlerinden bina eden köňül heýkeli — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry sazlaşyklaryň simfoniýasy ýaly ýaňlanýar» diýip bellemegi türkmen edebiýatynyň asyrlarboýy aýratynlyklarynyň Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde bir bitewülige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda Magtymgulynyň öwüt-ündewlerini, pent-nesihatlaryny, sargytlaryny özüniň durmuş uniwersitetine — iň beýik idealyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynda Magtymguly Pyragynyň şahsyýet mertebesiniň berk ornaşandygyny, şeýle bolansoň, Milli Liderimiziň ähli eserleriniň içinden dünýäniň akyldarynyň şahyrana şahsyýetiniň eriş-argaç bolup geçýändigini, asyrlarboýy türkmen paýhasyndan süzülip gelen oguznamaçylyk däplerini özünde jemleýän ussat şahyryň döredijiliginiň Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän eserlerde bir edebi bitewülige öwrülendigini belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda ýaşlarda ruhy-ahlak terbiýesini kemala getirmegiň strategik ähmiýetli ylmy-nazary meselelerini işläp düzmegiň we ylmy-amaly taýdan kesgitlemegiň binýady hem-de strategik ýolgörkezijisi bolup çykyş edýär.

Türkmen halky öz bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynda 70-den gowrak beýik döwleti döredip, hemişe dünýä döwletleri bilen parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasynda dost-doganlyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürip gelipdir. Gadymyýetden gözbaş alýan bu halkara gatnaşyklar häzirki döwürde hem netijeli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde Bilim we magaryf işi barada hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky taryhy başlangyjy öňe sürmegi asyrlarboýy Gündogarda yslam dininiň ynsanperwer ýörelgelerine ýugrulan we dürli dillerde ýazylan baý edebiýaty öwrenmekde täze tapgyra gadam basylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz bu forumda «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy hem teklip etdi. Bu başlangyçlar köpasyrlyk halk hakydasyny dikeltmegiň möhümdigini we bu işi amala aşyrmagyň asylly ýörelge boljakdygyny äşgär edýär. Şunuň bilen birlikde, ol dünýä halklaryny ruhy gymmatlyklaryň, şol sanda ajaýyp edebi-çeper eserleriň taryhy taýdan mäkäm baglanyşdyrýandygyna hem anyk-aýdyň delildir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda dünýä edebiýatynda özboluşly taryhy ýoly geçen türkmen edebiýatynyň häsiýetli aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. «Dünýä edebiýatynyň taryhyndaky uly açyşlar, megerem, irki oguz dessanlaryndadyr. Hawa, heňňamlar gadymy oguz dessanlarynyň durkunda öz möhürini galdyrypdyr. Muňa garamazdan, bu eserlerde gadymy oguzyňkydygyny açyk aýan edýän wakalar, has irki ýordumlar belli bir yzygiderlilikde taryhyň sapagyna düzülýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri edebiýatyň taryhynyň bitewüligini dikeltmegiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekýär. Kitapda edebiýat duýgudan burk alýan bossana deňelýär. Bu bolsa taryhyň dowamynda döredilen eserleriň halkyň milli ruhy pelsepesini ýaşadýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen edebiýatynyň bossanyny doly öwrenmek bolsa halk döredijiliginden başlap, dünýäniň ähli künjüne ýaýran türkmenleriň ýazuwly edebi nusgalaryny ylmy taýdan içgin öwrenmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Ýazuwly taryhyň başlangyjy bolan şumer medeniýeti-de Änew medeniýetiniň özboluşly dowamy bolupdyr diýmäge ynandyryjy esaslaryň bardygyny bellemek gerek» diýip nygtap geçýär. Bu bolsa türkmen halkynyň taryhynda Änew medeniýetinden häzirki günlerimize çenli Gündogarda ene dilimizde hem-de sebitde ýörgünli bolan beýleki Gündogar dillerinde ýazylan köp sanly edebi nusgalaryň millilik taýdan içgin öwrenilmegini talap edýär. Baý mazmunly eserlerde tekrarlanylýan bu pikiriň özeninde halklaryň bir kökden ugur alýandygy baradaky düşünje durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleri mugallymlaryň öňünde ýaş nesli kemala getirmekde olary, ilkinji nobatda, şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, edebi mirasymyz esasynda terbiýelemek wezipesini goýýar. Hut şu nukdaýnazardan hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýan bilim bermek işi şu günüň öňdebaryjy gazananlaryna we köpasyrlyk taryhy tejribelerimize esaslanyp, bu ugurlary sazlaşykly utgaşdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak hem-de milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza oňat düşünýän ýaşlary kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.

Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25