Okuw maslahaty geçirildi
2026-njy
ýylyň iýun aýynyň 8-12-si aralygynda Erasmus+ maksatnamasynyň “Daşky gurşaw
meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň
bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamanyň
çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde
Türkmenistanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirýän
içerki okuw maslahatynyň esasynda
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Italiýanyň Genuýa
uniwersitetiniň, Slowakiýanyň Tehniki uniwersitetiniň wekilleri, institutyň
professor-mugallymlary, talyplary ýüzbe-ýüz gatnaşdylar. Türkmenistanyň tehniki
ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bolsa, bu okuw
maslahatyna teleköpri arkaly gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Okuw maslahatynda
çykyş eden daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de
institutyň mugallymlary daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we
ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz
öňünde tutmak barada netijeli çykyşlary etdiler.
Garaşsyz
döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä
jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen bu okuw
maslahatyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň
Döwlet energetika instituty