Maslahat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iyun aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde “Ylymly ýaşlar – Watanyň kuwwaty” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyň dowamynda birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de ýürekleri buýsançdan doly institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň bagtyýar talyp ýaşlary aýdymdyr sazlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Baý many-mazmuna eýe bolan bu duşuşyk maslahaty ýaşlaryň aň-düşünjeli, giň gözýetimli bolup ýetişmeklerine, öz saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmeklerine oňyn täsirini ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim täze başgançaklar, açyşlar bilen ösüşlere beslenýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar maksada okgunly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty