Aşgabatda DARYA taslamasynyň we SCAFFOLD usulyýetiniň çäklerinde Ýewropa bilim gaznasynyň çäreleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3–11-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewropa bilim
gaznasynyň — European Training Foundation (ETF) — wekiliýetiniň iş saparynyň
çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. Bu Çäreler Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada
ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» — DARYA sebitleýin taslamasynyň
çäklerinde geçirildi. Taslama Ýewropanyň Global Gateway başlangyjynyň bir
bölegi bolup, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda başarnyklary ösdürmäge
gönükdirilendir.
Wekiliýetiň düzümine Ýewropa bilim gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýurt
utgaşdyryjysy Katarina Lukacowa, adam maýasynyň ösüşi boýunça uly hünärmen
Kristina Hemşemeýer, taslamanyň menejeri Samuel Kawana, SCAFFOLD usulyýeti
boýunça bilermen Natia Gorgadze, şeýle hem DARYA taslamasynyň milli
fasilitatory Gülşirin Annadurdyýewa girdi.
Saparyň maksatnamasy iki sany özbaşdak ugurdan ybarat boldy.
DARYA taslamasyny işjeňleşdirmek
Birinji ugur institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge, 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem başarnyklara bolan täze ýüze
çykýan zerurlyklary öwrenmäge we kartalaşdyrmaga bagyşlandy. Bu ugurda
energetika, ulag we sanly pudaklara aýratyn üns berildi.
Saparyň esasy wezipeleriniň biri 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda
Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän DARYA ýokary derejeli toparynyň
5-nji mejlisine deslapky taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bu ýygnak Türkmenistanyň
çäginde agzalan taslamanyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki ilkinji
sebitleýin çäre bolar.
Saparyň çäklerinde
wekiliýet meýilnamalary utgaşdyrmak we maýa goýumlary goldamak maksady bilen
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň wekilleri bilen, Türkmenistanyň
Energetika ministrliginde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça
degişli ministrliklerde, şol sanda gurluşyk we binagärlik, demir ýol ulaglary,
awtomobil ulaglary we aragatnaşyk ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirdi.
Zähmet bazarynyň
amaly zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem energetika, ulag we
sanlylaşdyrma ugurlarynda işleýän işewür düzümler bilen duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem degişli pudaklar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta
hünär okuw mekdeplerine saparlar amala aşyryldy.
SCAFFOLD usulyýeti
boýunça okuwlar
Saparyň ikinji ugry
amaly häsiýete eýe bolup, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga
bagyşlandy. Okuw maslahatlary 2026-njy ýylyň 8–11-nji iýuny aralygynda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda geçirildi.
Okuwlaryň dowamynda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we ministrligiň garamagyndaky
okuw mekdepleriniň mugallymlary SCAFFOLD usulyýetini özleşdirdiler. Bu usulyýet
toparlaýyn we tejribä gönükdirilen okuw işini guramak, okuwçylara tapgyrlaýyn
goldaw bermek we olaryň özbaşdaklygyny ösdürmek üçin häzirki zaman guraly
hökmünde hödürlenildi.
Iýun aýynda
geçirilen okuwlar bu usulyýetiň ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrylmagynyň
dowamydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň
noýabr aýynda iki sany giň gerimli okuw treningleriň netijesinde, 2026-njy
ýylyň maý aýyna çenli türkemen tarapy innowasion
SCAFFOLD usulyýeti boýunça DARYA taslamasynyň 70–80 sany sertifikatlaşdyrylan usuly
tälimçileri ugrukdyrdy we 23 sany bilim edaralaryndan Skaffold boýunça okadylan
pedagoglary synag görnüşinde bu tejribäni
işjeňleşdirip başladylar. Häzirki okuw maslahatlary SCAFFOLD usulyýetiniň milli
derejede durnukly ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirildi.
Geçirilen sapar
Global Gateway Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň adam
maýasyna gönükdiriljek geljekki halkara maýa goýumlary üçin berk binýat
döretdi. Ýewropa bilim gaznasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilim hyzmatlaryny
hödürleýän edaralary kartalaşdyrmak boýunça bilelikdäki işi, şeýle hem DARYA
ýokary derejeli toparynyň oktýabr aýyndaky mejlisine görülýän taýýarlyk okuw
çemeleşmelerini döwrebaplaşdyrmaga we türkmen ýaşlarynyň bilimden zähmet işine
netijeli geçmegini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle hem bu işler ykdysadyýetiň
iň zerur ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga
hyzmat eder.