TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN BÄSLEŞIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuň bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek babatdaky uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tehnologiýalaryň we sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda işçi hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly özgertmeler giň gerimde rowaçlanýar. Hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan nazary we tejribe okuwlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik bilen arabaglanyşygy pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak uly üns berilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerden baş çykaryp bilýän ýokary derejeli işçi hünärmenleri taýýarlamak, ýaş nesli häzirki zaman hünärlere ugrukdyrmak babatynda öňdebaryjy okuw-terbiýeçilik usullar giňden peýdalanylýar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga, olaryň saýlap aljak kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmäge ýardam berýän dürli bäsleşikler geçirilýär.
Bilime dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna hünär okuwlarynyň öwredilişini kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak, oýlap tapyşlara höweslendirmek hünär endiklerini we başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşigi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu bäsleşik dünýä derejesindäki ýaryşlary guramakda oňyn tejribe toplan Worldskills International halkara assosiasiýasynyň «Worldskills» hünär bäsleşiginiň standartlaryna laýyklykda guraldy.
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu bäsleşige çärä talyp ýaşlary, mekdep uçurymlary, «Türkmenistanyň Ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik guramasy hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalary, telekeçileri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere, hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan bilim işlerine bagyşlanan sergi bilen tanyş boldular.
Bagtyýar ýaşlar öz aralarynda «Elektromontaž işleri», «Kafel (syrçaly ýuka plitka) düşemek işleri», «Kerpiç örmek işleri», «Santehnika işleri», «Aşpezçilik işleri», «Konditerçilik işleri», «Biçimçi-tikinçilik işleri» hünärleri boýunça ussatlyklaryny, başarnyklaryny we çalasynlyklaryny görkezip, «Hünär ussady» diýen ady almak ugrunda çekeleşikli bäsleşdiler.
Bäsleşigiň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik edara-kärhanalarynyň wekillerinden düzülen emin agzalar topary bäsleşige gatnaşanlaryň bezeg daşlaryny ýonmakda, kerpiçleri örmekde, turbageçirijileri gurnamakda, elektrik üpjünçiligini ýola goýmakda, döwrebap egin-eşikleriň dizaýny ýerine ýetirmekde, tagamlary taýýarlamakda başarjaňlyklaryna we ussatlyklaryna baha berip, ýeňijileri saýladylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar hem-de sowgatlar dabaraly gowşuryldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gurnalan bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir. Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň hem-de Hormatly Gahryman Milli Liderimiziň nusgalyk beýik işleri bilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligindäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk eden üstünlikler Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi ýörelge edinen ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi