Aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertinde institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýramçylyk konsertinde ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän, türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Aýdym-sazly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesil barada edýän hemişelik aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25