Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli professor-mugallymlaryň, talyplaryň, aspirantlaryň we önümçilikde işleýän hünärmenleriň gatnaşmagynda “Milli ylmyň sanlylaşdyrylmagy: ylym, bilim, önümçilik” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti we ylmy esaslary dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de institutymyzyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmakda bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25