Ylymlar gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda
innowasion tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory
N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda
ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary
derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini
aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň
ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada
çykyş etdi. Uniwersitetiň uly mugallymlary Ş.Geldiýewa hem-de B.Owganowa ýurdumyzyň
ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ylymly nesiliň watanyň badyna bat,
kuwwadyna kuwwat goşýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp
geçdiler.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany
bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny, talyplaryň
multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw
otaglarynda bilim alýandyklaryny we sanly bilim ulgamynyň okuw işlerine
ornaşdyrmak barada işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp
geçdiler. Ylmy-amaly maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen
diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň
parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny,
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersiteti