ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE “SOŇKY JAŇ” DABARASY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji
iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Mejlisler zalynda 2025-2026-njy okuw
ýylynda uniwersiteti tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy geçirildi. Bu
nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaşlaryň müňlerçesiniň durmuşynda
ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.
Uçurymlar
üçin bilim alan ojagy bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly
wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik
ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrýar. Okuw
ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat
bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi,
bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri baradaky aladany esasy ugur edinýän
durmuş syýasaty netijesinde, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olara
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurt döwletleriniň
bilim edaralarynda hem bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki döwürde Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistanda pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa
täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan
baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn
bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş
çykarmaklaryna möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli
işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady
maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa,
Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň beýik geljegini gurýan
nesillerdir. Il-günümiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen
belent maksatlarymyza ýetmekde ýaşlara aýratyn bil baglanýar. Şoňa görä-de, ýaşlar
durmuş ýolundaky indiki täze ädimlere has aýgytly we ruhubelentlik bilen gadam
basmalydyrlar, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda okamak, döretmek
bilen hemişe öňe gitmelidirler.
Dabara gatnaşan
uçurymlar, olaryň ene-atalary, bilim işgärleri ýokary okuw mekdebini tamamlaýan
ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem
bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Okuw ýyllarynda
dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we
çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edenlere, tapawutlanan
diplomlar bilen okuwyny tamamlaýan uçurumlara uniwersitetiň rektory tarapyndan
hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralara
gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary,
işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş
nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik
mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin
döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyklaryny beýan
etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersiteti