Mähriň we howandarlygyň sowgady
Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde gözel Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýän ýetginjeklere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan täze welosipedleriň sowgat berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan çäreleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Biz sowgatlaryň eýesi bolan hem-de 3-nji iýundaky welosipedli ýörişe işjeň gatnaşan Döwletliler köşgüniň okuwçylary bilen söhbetdeş bolup, olaryň buýsançly ýürek sözlerini ýazga geçirdik.
Aýmyrat BATYROW,
Döwletliler köşgüniň 11-nji synp okuwçysy:
— Men 10 ýaşymdan bäri sportuň iň gyzykly görnüşleriniň biri bolan futbol bilen meşgullanyp gelýärin. Sport adamy diňe bir fiziki taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem, onda erjellik hem-de maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri-de terbiýeleýär. Döwletliler köşgünde hereket edýän «Joşgun» tans toparyna hem uly höwes bilen gatnaýaryn. Geçen ýyl tans toparymyz bilen Belarus Respublikasynda geçirilen medeni çärelerde çykyş edip, milli medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň ajaýyp eserlerini daşary ýurtly dostlarymyza görkezmek bagtyna eýe bolduk. Boş wagtlarym kompýuter ulgamlaryny içgin öwrenýärin.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan täze we döwrebap welosipedleri sowgat alanymyzda şatlygymyz goşalandy. Bu sowgat biziň sporta bolan höwesimizi has-da artdyrdy. Men özüme gowşurylan täze welosipedim bilen 3-nji iýunda paýtagtymyzda guralan dabaraly welosipedli ýörişe uly buýsanç bilen gatnaşdym. Bize okamaga, öwrenmäge we sport bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Berdimuhammet MYRADOW,
Döwletliler köşgüniň 12-nji synp okuwçysy:
— Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgat berlen täze welosipedler her birimiziň ýüregimizi şatlykdan doldurdy. 3-nji iýunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda guralan ýörişe täze welosipedimiz bilen goşulmak bize ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Bu ajaýyp sene bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ýagşylygyň sazlaşygyny özünde jemledi.
Kiçiligimden bäri sungata we sporta bolan söýgim meni uly üstünliklere ruhlandyrdy. Men Döwletliler köşgüniň «Joşgun» tans toparyna köp ýyllardan bäri gatnap gelýärin. Bu ugurda gazanan üstünliklerimiň biri 2024-nji ýylda doganlyk Türkiýe Respublikasynda guralan halkara dabaralarda toparlaýyn çykyş etmek boldy. Şonuň bilen bir hatarda, 11 ýaşymdan bäri woleýbol bilen meşgullanyp, dürli ýaryşlarda we bäsleşiklerde köşgümiziň adyny dabaralandyryp gelýärin. Gündelik durmuşymyzda kompýuterde grafiki surat çekmegi we programma düzmegiň esaslaryny öwrenýärin. Men bu ugurdaky sanly tehnologiýalary has kämil derejede özleşdirmegi maksat edinýärin.
Biz — ýaş nesiller hakynda şeýle atalyk aladalary edýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Umyt ÇARYÝEW,
Döwletliler köşgüniň 12-nji synp okuwçysy:
— Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller hakyndaky aladasyny her ädimde duýýarys. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli bize täze welosipedleriň gowşurylan pursady hem başymyz gök diredi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen täze welosipedde geçen menzillerimiz biziň üçin ruhubelentligiň we bagtyýar ýaşlygyň ýoly bolup, geljege uzaýar.
Kitap okamagy durmuş endigime öwürdim. Iňlis dilini we matematikany içgin öwrenýärin. Bu meniň geljekde saýlap aljak hünärimde uly kömek eder diýip ynanýaryn. Bilim öwrenmek bilen birlikde, fiziki taýdan sagdyn bolmak üçin 9 ýaşymdan bäri woleýbol bilen yzygiderli meşgullanyp gelýärin.
Bize şeýle ajaýyp, bagtyýar döwürde ýaşamaga, okamaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.
Çeşmesi:Türkmenmetbugat