KITAP – RUHY HAZYNAMYZ

2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ak mekdeplerimiziň uçurymlary 12 ýyllap özleşdiren bilimlerini gursaklaryna gaplap durmuş ýoluna gadam basýan bolsalar, synpdan-synpa geçýän okuwçylarymyz bilimlerini kämilleşdirmegini dowam edýärler. Ösüp gelýän ýaş neslimizi eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize, merdana halkymyza wepaly, bilimli, terbiýeli adamlar edip ýetişdirmekde mugallymlar bilen bir hatarda umumybilim edaralarynyň kitaphanaçylarynyň hem öz mynasyp paýlary bar. Mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, kitaphana hyzmatyny  alyp barmagy döwrebaplaşdyrmak, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak, mekdep okuwçylarynda kitap okamaga höwesi ösdürmek, olarda döredijilige bolan höwesiň ösmegine ýardam etmek, ruhy baýlygymyz bolan kitaplary ýaşlaryň hemişelik hemralaryna öwürmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ähli bilim edaralarynyň kitaphanalarynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän maglumatlaryň kitap sergileriniň üsti bilen ýaýbaňlandyrylmagy, möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek boýunça degişli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi we bu geçirilen çäreler baradaky maglumatlaryň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli şöhlelendirilmegi mekdep kitaphanaçylarynyň irginsiz zähmetiniň beýanydyr.

“Çekseň zähmet – ýagar rehnet” diýlişy ýaly, ýaňy-ýakynda umumybilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň jemi jemlenilip, onda “Iň gowy mekdep kitaphanasy” ugry boýunça Baş baýraga Aşgabat şäheriniň 145-nji orta mekdebiniň, I orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň, II orna Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň, III orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň kitaphanalary mynasyp boldular. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň kitaphanalary höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ýurdumyzda bellenilýän şanly senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp kitaplary wagyz etmek boýunça geçirilmeli çäreleriň ähli bilim edaralary tarapyndan ýörite meýilnamasy taýýarlanyldy. Şol meýilnamalara laýyklykda geçirilen işler barada döwürleýin neşirleriň sahypalarynda, Bilim ministrliginiň ýörite internet saýtynda habarlar berlip, çäreleri geçirmek dowam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjy esasynda hem-de «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli bilim edaralarynyň kitaphanalarynda milli senenamamyzdaky baýramçylyklary mynasyp garşylamak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny wagyz-nesihat etmek boýunça meýilnamalaýyn işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşlary watançylyk, milli ýörelgelere ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek boýunça guralýan işleriň has täsirli we netijeli bolmagy üçin döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar bilen döwrebap edebi çäreleriň geçirilmegi, jemagat kitaphanalary bilen bilelikde geçirilýän täsirli duşuşyklaryň, bäsleşikleriň netijeleri boýunça ýaş okyjylaryň dürli sowgatlar, hormat hatlary bilen höweslendirilmegi ýaşlarymyzda kitap okamaga bolan islegi has-da kämilleşdirýär.

Daşoguz welaýatynyň mekdep kitaphanaçylarynyň arasynda geçirilen “Kitaplar dünýäsi – ylymlar dünýäsi” atly döredijilik bäsleşigi kitaphana işgärleriniň öz alyp barýan işlerine bolan söýgüsini, hormatyny, başarjaňlygyny açyp görkezýän bäsleşik boldy. Balkan welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy we ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 1251 Kararyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen “Türkmen bedewi – ebedi gymmatlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işi üç bölümçede dowam edip, “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde türkmen bedewine goýulýan sarpa” atly bölümçede Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň çeper wasp edilişi barada täsirli çykyşlar, “Türkmen taryhynda bedew atyň orny” atly bölümçede türkmen bedewi baradaky taryhy maglumatlar esasynda çykyşlar, “Türkmen bedewi – türkmen nusgawy edebiýatynda” atly bölümçede nusgawy edebiýatda türkmen bedewiniň çeper waspy baradaky gyzykly çykyşlar diňlenildi, şeýle-de kitap hem-de sungat eserleriniň baý sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwletkomitetiniň “Mahabat” müdirligi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Çaga hyýaly – jadyly galam” atly geçirilen döredijilik bäsleşigi mekdep okuwçylarymyzyň çeper döredijilige bolan höwesini ösdürip, olary ylham ýoluna atardy.

Aşgabat şäheriniň mekdep kitaphanaçylary hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde kitaplary wagyz etmek boýunça, ýazyjy-şahyrlaryň doglan günlerine, şanly-senelere we baýramçylyklara bagyşlanan dürli çäreleri yzygiderli geçirýärler. Bu geçirilen çäreler baradaky habarlar çagalar kitaphanasynyň internet saýtynda hem beýan edilýär.

Çärelere gatnaşyjylar tarapyndan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, ukyp-başarnyklarynyň has-da ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25