Türkmenistanyň talyplary Ýaponiýada bilim alýarlar


  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyşygy we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, uniwersitetiň üç talyby Ýaponiýa döwletine gitdiler.

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda dowam etjek maksatnama inženerçilik, informatika, ynsanperwerlik we ösen tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bu möhüm bilim başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösüşine hem-de halkara gatnaşyklaryň giňelmegine özboluşly goşant goşýar. Maksatnama gatnaşýan talyplar hünär taýýarlygyny kämilleşdirer, akademiki tejribesini artdyrar, dürli medeniýetleri öwrener hem-de öz ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler hökmünde taýýarlanar.

Şeýle-de, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanylmagyna, bilim, ylmy gözlegler we tehnologik ösüş ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25