«Toyota» elektrokarlar üçin kuwwatly akkumulýator döretdi


«Toyota» ýapon kompaniýasy elektromobiller üçin kuwwatly batareýanyň döredilendigi barada hasabat berdi. Bu barada «Financial Times» habar berýär.

Korporasiýanyň wekilleriniň gürrüň berşi ýaly, olara elektromobiller üçin akkumulýatorlary işläp taýýarlamakda ösüş gazanmak başartdy. Firmanyň inženerleriniň  gürrüň berşi ýaly, täze tehnologiýa olara ýol geçiş ätiýaçlygy 1200 kilometr bolan berk jisimli batareýany öndürmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem habarda bellenmegine görä, täze akkumulýator zarýad almakda rekord tizligi bilen tapawutlanar. Batareýa 10 minutda 100 göterim zarýad alar. Elektrokarlar üçin täze akkumulýatorlaryň önümçiligini 2027-nji ýylda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.  

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25