Ylmy-amaly maslahaty geçirildi


2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat öz işini umumy mejlisde we 5 sany bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-den gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25