Türkmen talyplary halkara ylmy bäsleşikde uly üstünlik gazandylar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, giň dünýä garaýyşly, innowasion pikirlenýän, döredijilikli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň beýany hökmünde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünliklerini görkezmek bolar. Şeýle üstünlikleriň biri hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň Malaýziýanyň Multimedia uniwersiteti bilen Malaýziýanyň ýaş alymlar assassasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025 (WSDG 2025) atly halkara bäsleşikde gazanan üstünlikleri boldy. Şeýle hem bu ýeňiş Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 34 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde Watanymyza mynasyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary bu bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşyp, iň ýokary baýraklara mynasyp boldular. Bäsleşige online gatnaşan ýaş alymlaryň ylmy işleriniň netijeleri https://lookerstudio.google.com/u/0/reporting/74276891-8fe7-417f-a22b-0d3d6dc874b9/page/J69VF internet salgysynda habar berildi. Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden — Malaýziýadan, Indoneziýadan, Taýlanddan, Filippinlerden, Bangladeşden, Ruminiýadan, Braziliýadan, El-Salwadordan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Bosniýa we Gerseginadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ýegiptden, Hindistandan hem-de Palestinadan 2100-den gowrak ylmy iş gatnaşdy. Şeýle giň gerimli halkara bäsleşikde uniwersitetiň himiki inžiniring taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow tarapyndan taýýarlanan “Durnukly ösüş üçin ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary” atly ylmy işi altyn medala hem-de bäsleşigiň iň ýokary baýragy bolan “WSDG Innovation Grand Award” baýragyna mynasyp boldy. Bu ylmy işde häzirki zaman gurluşyk senagatynda giňden peýdalanylýan sement önümçiliginiň ekologiýa taýdan täsirini azaltmak, energiýany tygşytly ulanmak we tebigata zyýansyz önümçilik usullaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy esaslar işlenip düzülendir. Ýaş alymyň bu işine dünýäniň öňdebaryjy ylmy guramalary tarapyndan hem ýokary baha berlip, durnukly ösüş ugurlarynda möhüm çözgüt hökmünde ykrar edildi.
Bäsleşige uniwersitetiň himiki tehnologiýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow hem-de himiki inžiniring taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Jemal Şaripowa tarapyndan taýýarlanan “Senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gips almagyň innowasion tehnologiýasy” atly ylmy işi hem gatnaşdy. Bu iş hem eminler tarapyndan ýokary baha altyn medala we bäsleşigiň ýörite baýragy bolan “Best Innovation Sustainable Award” baýragyna mynasyp boldy. Ýurdumyzda fosfor dökünini öndürilende galyndy bolup galýan fosfogips senagat galyndysy hökmünde daşky gurşaw üçin zyýanly maddalaryň biri hasaplanýar. Bu ylmy işde bolsa, fosfogipsden arassa gurluşyk gipisini almagyň ykdysady taýdan amatly we ekologiýa taýdan zyýansyz netijeli usuly işlenip düzüldi. Bu bolsa, senagat galyndylarynyň gaýtadan işlenmeginiň hem-de ykdysady taýdan peýdaly önümlere öwrülmeginiň täze ýoludyr.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Amaly himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygyndaky bu toparyň gazanan şeýle ajaýyp üstünlikleri ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiliniň ýokarydygynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara ylmy giňişligindäki ornunyň barha ýokarlanýandygynyň, ýaş alymlaryň ylym, innowasiýa we tehnologiýa ulgamlarynda öňdebaryjy pikirleriň eýesi bolup çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň giňden toýlanýan günlerinde ýaş alymlarymyzyň şeýle üstünlikleri ýaşlaryň innowasiýalara we ylmy ösüşlere bolan gyzyklanmalarynyň döwlet derejesinde goldanylýandygyny görkezýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki şeýle ajaýyp üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly, belent ruhly şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň miwesidir.