Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze “Bagtly zamana” obasynda 640 orunlyk döwrebap mekdep açyldy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20222028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň yzygiderli şaýady bolýarys.

Toý ruhuna, döredijilik joşgunyna beslenýän her günümiz taryhyň bir parçasyna öwrülip, täze eýýamymyzyň şanly sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan we türk men halky ýene sanlyja günden döwlet Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny uludan bellemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasyndaky baýramçylyk ruhly günler göwünleri göterip, halkymyzyň «Toýlar goşa goşadan gelýär» diýen aýtgysynyň müň keren mamladygyny görkezýär. Çünki  bu gün gadymy Ahal topragynda  Kaka etrabynyň “Bagtly zamana” obasynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bir hatarda, täze döwrebap orta mekdebiň hem-de çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Täze açylan 29-njy orta mekdep,  640 okuwça niýetlenen. Bu döwrebap mekdebi “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň ezber hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Bu bilim ojagynda okuwçylaryň döwrebap derejede bilim almaklary üçin okuw otaglary multimedia , kompýuter, lingafon enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde bilim işgärlerine körpelere daşary ýurt dillerini öwretmek, kompýuter tehnologiýasy boýunça ilkinji başarnyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döredijilikli zähmet çekmek babatynda ähli amatlyklar bar.

Umuman, täze açylýan döwrebap obalardyr-şäherçeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky anyk mysalydyr

Mähriban Watanymyzy ösüşli menziller bilen täze belentliklere tarap öňe barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwrebaplaşdyrmak syýasaty hem-de watansöýüji, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan beýik maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Hajyýew Garýagdy,

Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň

Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25