Milli ýol-ýörelgelerimiziň dabaralanmasy

  

  Döwletli Diýarymyzda her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Onda gazanylan beýik üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, parahat ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahaty 19-njy sentýabrda geçiriler. Ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, uly möçberli işleriň baş maksady Watanymyzy ösdürmekden hem-de halkymyzyň abadan, bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy jemgyýetçilik ähmiýeti barada yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalar Türkmenistanyň Gahrymany, çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewiň we nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahaty, ýurdumyzda amala aşyrylýan uly işleriň, bolup geçýän taryhy wakalaryň, Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty düşündirmekde hem-de döredijilik hakynda talyplaryň arasynda sowal-jogaply täsir galdyryjy ýatdan çykmajak ajaýyp pursada beslendi.

Ussat halypalar 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmeli” diýip öňe süren teklipleri barada, sungat adamsyny döredijilikli zähmete ugrukdyrýan häsiýetler dogrusynda, döredijilikde maşgala mukaddesligine mähriban enelerimize aýratyn orunyň berilmegi hakynda, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhynda ýaşuly nesliň keşbine köpsanly halypa suratkeşleriň ýüzlenen eserleri, nakgaşçylyk sungatynyň nyşanalyk ugrunda döredilen şeýle-de ruhy sütünlerimiziň keşpleri dogrusynda ýaşlara gyzykly gürrüňleri berdiler.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

 akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25