Russiýada bilim almak isleýän türkmen ýaşlaryna 500 býujet orunlary berildi


Russiýanyň hökümeti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Russiýanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna 500 býujet orunlaryny berdi. Bu barada RF-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

«Bu – bilim almaga çalyşýan we has gowy bilim mümkinçilikleri barada arzuw edýänler üçin özboluşly mümkinçilikdir» - diýip, ilçihananyň habarynda aýdylýar.

Hödürlenýän orunlar boýunça okamak mümkinçiligine dalaş etmek üçin dalaşgärler resmi saýtda – education-in-russia.com– hasaba alynmalydyrlar. Täze arza kabul ediş çäreleri eýýäm sentýabryň 15-den başlandy.


Çeşmesi: Orient.tm

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25