Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalar üçin


Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 Her güni şanly menzillere, belent sepgitlere beslenýän güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. 

  Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy toýunyň öňsyrasynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda 320 orunlyk çagalar bakja-bagy Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyz üçin şeýle ajaýyp sowgat boldy. Döwrebap gurlup, ulanmaga berlen 16 toparly, 17-nji çagalar bakja-bagynyň okuw otaglary döwrebap enjamlar, tehniki serişdeler we okuw esbaplar bilen doly üpjün edilip, körpeleriň bilim almaklary, sagdyn ösmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilen.

 Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň  kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Watanymyzyň nurana geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýarlygy ugrunda şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Iň ajaýyp sena bolan baldan süýji balalaryň gülki sesleri her ojakda ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

mekdebe çenli bilim bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25