TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADAKY HALKARA OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY


Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň çakylygy boýunça dört günlük iş saparyny amala aşyrdylar. Bu sapar Merkezi Aziýada ekologiýa, jemgyýetçilik we dolandyryş (ESG) ýörelgeleri boýunça bilim ulgamyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň çäginde gurnaldy.                

Bu taslama ESG boýunça magistratura maksatnamalaryny we ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny döretmek arkaly ekologik bilimi döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalarda häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ýagny howanyň üýtgemegi, biodürlüligi gorap saklamak, durnukly ösüş we tebigy serişdeleri dolandyrmak ýaly ugurlar öz beýanyny tapýar.

Astanadaky seminar 9–12 sentýabrda geçirilip, 2-nji iş toplumynyň «Ösüş» böleginiň esasy çäresi boldy. Ol aşakdaky dört ugra gönükdirildi:

Astanadaky okuw maslahaty Merkezi Aziýa şertlerinde ESG çemeleşmeleriň ulanylyşyna üns berip, ýokary bilim ulgamyndaky ekologik kynçylyklar we hasabat tejribelerine bagyşlandy. Esasy mowzuklar aşakdakylardan ybarat boldy:

Okuw maslahatyna 32 resmi wekilýet agzasy, şeýle-de döwlet edaralaryndan, ylmy jemgyýetçilikden we işewür düzümlerden bolan takmynan 100 çakylykly gatnaşyjy gatnaşdy. Çäräniň jemlenişinde geçirilen «Tegelek stol» duşuşygynda uniwersitetleriň, kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri ESG ýörelgeleriniň ýokary bilime we amaly işe ornaşdyrylyşy boýunça pikir alyşdylar. Okuw maslahaty taslamanyň çägindäki geçirilmeli giňişleýin çäreleriň bir bölegi boldy. Her bir okuw sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we uniwersitetleri halkara ESG standartlaryna ýakynlaşdyrmaga gönükdirildi. Astanada geçirilen okuw maslahatyndan garaşylýan birnäçe artykmaçlyklar bellenildi:

Türkmenistanyň wekilýeti okuw maslahatyndaky we “Tegelek stol” duşuşyklaryndaky pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar. Olaryň goşandy ESG ýörelgeleriniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagynyň hem-de ekologiýa dolandyryşy boýunça Ýewropa hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini görkezdi. Bu iş sapary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatda halkara derejesinde geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga we ýurduň sebitleýin durnukly ösüş başlangyçlaryndaky ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25