BUÝSANDYRYJY ÝEŇIŞ


2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-7-i aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sportuň Dzýudo boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşa gatnaşan biziň baýry ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Karataýew Deňiz Joraýewiç baýrakly I orna we Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şanazarow Şahruz Şanazarowiç baýrakly I orna mynasyp bolmagy başardylar. 

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Karataýew Deňiz Joraýewiçe we Şanazarow Şahruz Şanazarowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.  

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25