“BILIM” YLMY-USULY ZURNALYNYŇ TÄZE SANY ÇAPDAN ÇYKDY

    Neşiriň şu gezekki № 4 sanynda mekdep okuwçylarynyň ýurduň gözel künjeklerinde, hususan-da, Köpetdagyň etegindäki şypaly jülge Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli dynç alyş zolagyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Tomus — 2025” möwsümini mekdep okuwçylarynyň peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin Türkmenistanyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny taýýarlap, şonuň esasynda ýokary derejede hyzmatlaryň guralandygy babatdaky gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň oňat dynç alyp, täze okuw ýylyna taýýarlykly gelendikleri barada berlen makalada aýdylýar.

Şeýle hem, žurnalymyzyň şu sanynda okuwçylaryň dynç alyş möwsüminde mugallymlaryň tomus paslynda täze okuw ýylyna taýýarlyklarynyň çäklerinde, bilim işgärleriniň 2025 – 2026-njy okuw ýylynyň awgust maslahatlarynyň geçirilişi we usuly-amaly okuwlarynyň guralyşy baradaky berlen makaladan okyjylar peýdaly maglumatlary alyp bilerler. 

  “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly rubrikada berlen “Hemişelik Bitaraplyk parahatçylyk we ösüşdir”, ”Bitaraplyk—asudalygyň kepili”, “Bitaraplyk syýasaty — hoşniýetlilik ýörelgesi” atly makalalarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň talaplarynda dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy guraýandygy, alyp barýan parasatly syýasatyny häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslarynyň pugtallandyrylmagyna, dost-doganlyk taglymatynyň berkidilmegine gönükdirýändigi bellenilýär. 

 “Ylmy makalalar” atly rubrikada berlen makalalarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda ilnalar ynsan, watançy mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mugallym bolmagyna magaryfçylar Muhammetguly Atabaýewiň, Platon Smirnowyň beren maslahatlarynyň uly bolandygy, mekdep işini guramagyň ýolgörkezijisine öwrülendigi bilen baglanyşykly gyzykly wakalar beýan edilýär. Ylmy makalalarda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşynyň ylmy-usulyýet esaslary, aýry-aýry ugurlara degişli, mysal üçin, ýer armydynyň dermanlyk häsiýeti, taryhy temadan ”Gündogar renessansy” diýlip atlandyrylan döwrüň tanymal türkmen alymlary Burhaneddin az-Zernujynyň, Abu Reýhan al-Birunynyň, Abu Nasyr ai-Farabynyň, Abu Aly ibn Sinanyň we beýleki meşhur alymlaryň ömri we işi barada giňişleýin maglumat berilýär. 

Şular bilen birlikde, mugallymçylyk tejribesini baýlaşdyrmakdaky ylmy işlerde türkmen edebiýatynda ynsanperwerlik we parahatçylyk hakyndaky pikirleriň, geljekki hünärmenler hökmünde talyplaryň şahsy taýdan kemala gelmeginde sanly ulgamyň ornunyň, elektron resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek meseleleriniň, daşary ýurt dillerini öwretmekde keşpli oýunlaryň ähmiýetiniň, türkmen halk döredijiliginde ýomaklar we wäşiçilik däpleriniň, ýokary okuw mekdeplerinde sapak öwretmegiň oňaýly usullaryny saýlap almagyň tärleri ýaly pikirleriň beýanyna uly orun berilýär. Bulardan başga-da, alapakyr dermanlyk ösümliginiň aýratynlyklary, oba hojalyk kärhanalarynda dolandyryş hasabyny guramagyň modelleri we usullary, esasy nebit turba geçirijisiniň meýdanyndaky topraklaryň poslaýyş taýdan agressiwligine toplumlaýyn baha bermek baradaky ylmy makalalarda degişli hünärmenler üçin gyzykly hem takyk maglumatlar jemlenýär. Şeýle hem, žurnalyň şu sanynyň agzalan rubrikasynda “Türkmen aýdym-saz sungaty – ruhubelentligiň we jebisleşmegiň çeşmesi”, “Taryhda ýazylmyş Änew bozulmaz”, “Türkmenleriň Beýik Seljuk imperiýasy” ýaly ynsanperwer ugurly ylymlara bagyşlanan makalalar hem ýerleşdirilendir. 

Žurnalyň şu sanynda “Mekdebe çenli terbiýe” rubrikada körpeleriň matematika degişli düşünjelerini kemala getirmegiň ýollary baradaky makala berilýär.

“Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikada milli bilimde usulyýet we terbiýe, emeli aňy dil öwrediş sapaklarynda ulanmagyň mümkinçilikleri, nemes dilini öwretmegiň geljekki mümkinçilikleri, geografiýa derslerinde amaly işleriň guralyşy, daşary ýurt dillerini okatmakda kommunikatiw başarnyklaryň emele getirilmegi ýaly meselelere bagyşlanan makalalar, “Orta hünär bilimi” rubrikada mugallymçylyk mekdeplerinde taryh sapaklarynyň innowasion usullarda guralmagyna, geometriýa sapagynda Pifogoryň teoremasynyň dürli usullardaky subutyny öwretmegiň usulyýetine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilendir. 

“Ýokary bilim” atlandyrylan rubrikada “Nurmyrat Saryhanow – parahatçylygyň jarçysy”, “Omar Haýýam baradaky maglumatlardan”, “Talyplaryň ruhy terbiýesinde milli teatr sungaty”, “Ýaşlaryň watançylyk terbiýesinde edebiýatyň orny” atly makalalarda edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň bilim ulgamyndaky, jemgyýetçilik terbiýesindäki hyzmaty açylyp görkezilýär.

Taýýarlan: Aşyrgeldi Ataýew,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 

“Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň bölüm redaktory.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25